Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikalylar sagadyna 15 dollar talap edýärler


Nýu-Ýork şäheri.
Nýu-Ýork şäheri.

Amerikanyň 270 sany şäherinde iň az iş hakynyň çägini sagatda 15 dollara çykarmak indi ikinji gezek talap edilýär. Hünärmenleriň pikrine görä, kesgitlenen bu aýlyk haky iň minimum ýaşaýyş mümkinçiligini kesgitläp biler.

Şeýle talap bilen ýörişe gatnaşýanlar dermanhanalarda we restoranlarda işleýänler bilen çagalara hem garrylara seredýänlerdir. Sebäbi olar iň az aýlyk hakyna işleýärler. Häzirki wagtda New-Ýorkda iň az aýlyk hakynyň sagady 8 dollar 75 sent, döwlet gullukçylary üçin bolsa 7.5 dollardyr.

"Eýdip-beýdip ýaşaýarys"

Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň biri bolan New-Ýorkda şeýle aýlyk haky bilen ýaşamak gaty kyn.

Karlos Widjalb indi 15 ýyldan bäri şäherdäki iň uly dermanhana ulgamynyň birinde işleýär we sagadyna 11 dollar hak alýar. Ol: "Bu aýlyk bilen özbaşdak erkin ýaşap bilmeýärin. Ejem we doganlarym bilen bile ýaşaýaryn. Hemmämiz gazananjamyz bilen eýdip-beýdip ähli harajatlaryň hötdesinden zordan gelýäris" diýýär.

Az aýlykly adamlaryň aglabasy iki ýerde işleýär. Ýöne şonda-da olar garyplykdan çykyp bilmeýärler. Olar mundan üç ýyl owal sagatda iň azyndan 15 dollar iş haky almak teklibini öňe sürmäge başlapdylar we kärdeşler arkalaşyklary hem bu talaby goldapdy. Şeýle talaby öňe sürenleriň köpçüliginiň ors dilli migrantlardygy bellenilýär.

Işçiler mundan üç ýyl owal şeýle talaby öňe süren mahaly onuň hakykata öwrüljegine ynam azdy. Ýöne indi syýasy elitanyň ýokary gatlaklarynda ýöriş gurnaýanlaryň isleglerine gulak asylyp başlandy.

Talap hakykata öwrüler

New-Ýork ştatynyň häkimi Endrew Kuomo çykyş eden üýşmeleňleriniň birinde döwlet edaralarynda iň az iş hakynyň çäginiň sagatda 15 dollara çykarylandygynyň zerurdygyny nygtady. Ol Franklin Ruzweltiň aýdan bir sözünden mysal getirip, "Eger bütin ştat isleýän bolsa, onda gazanýan gazanjyň seniň mynasyp durmuşda ýaşamagyňy üpjün etmelidir" diýipdir.

Ştatyň häkimi Kuomo şeýlelikde McDonalds ýaly käbir fast-food restoranlarynda hem iň az aýlyk hakynyň ýokarlandyrylmagyna sebäp boldy. Ştatyň häkimi beýleki ştatlaryň hem New-Ýorkdan görelde aljakdygyny umyt edýär.

"Munyň mümkindigini subut etmek üçin biz muny New-Ýorkda hakykata öwürdik. Beýleki ştatlaryň hem näme üçin şeýle etmeýändigi baradaky soragyň galdyrylmagyna sebäp bolduk".

Ştatyň häkiminiň kabul eden karary bilen New-Ýorkda 10 müňe golaý işçiniň iň az aýlyk hakynyň möçberi ýokarlandyryldy. Ýöne häkim Kuomyň bellemegine görä, olar indi aýlyklaryň galdyrylmagyny gazanmaga hem synanyşarlar.

XS
SM
MD
LG