Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk uçary ýolundan sowuldy


Türkiýaniň Nýu-Ýorkdan Stambula barýan ýolagçy uçary, bomba howpy sebäpli, Halifaksa, Kanada sowuldy diýip, Kanadanyň polisiýasy 22-nji noýabrda aýtdy.

Halifax Stanfield halkara aeroporty twitterde uçaryň sag-aman gonandygyny, polisiýanyň ýörite partlaýjy tälimi berlen itler bilen barlag işlerini geçirýändigini aýtdy.

"Bomba howpunyň derňewi häzir özüniň başky basgançaklarynda» diýip, beýanatda aýdylýar we bu habaryň 21-nji noýabrda, agşam 10 sagat 50 minutda alnandygy habar berilýär.

Şeýle-de, uçaryň bortunda 256 adamyň bardygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG