Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýlandyň polisiýasy siriýalylary gözleýär


Taýlandyň polisiýasy Orsýetiň duýduryşyndan soň siriýaly terrorçylar bolmakda güman edilýänleri gözleýändigini tassykladylar.

Taýlandyň polisiýasyna edilen duýduryşda Orsýetiň Howpsuzlyk gullugynyň (FSB) informasiýasyna laýyklykda “Yslam döwleti” topary bilen bagly bolmagy mümkin 10 siriýalynyň Taýlandda Orsýetiň we söweşijileriň beýleki duşmanlaryna garşy nyşanlara hüjüm etmekleriniň ähtimaldygy aýdylýar.

Taýlandyň paýtagty awgust aýynda terrorçy hüjümlere sezewar edilipdi, şonda 20 adam wepat bolupdy, emma bu bombaly hüjümler “YD” topary bilen baglanyşdyrylmandy.

XS
SM
MD
LG