Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan ýas tutýar


Azerbaýjanyň häkimiýetleri Nazar deňzindäki nebit burawynda turan ýangyndan soň iki adamyň ölendigini, azyndan 29 işçiniň bolsa tapylmaýandygyny aýdýar.

Şu aralykda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 4-nji dekabrda gaý-tupan zerarly turan ýagnynda ölenleriň we ýitenleriň hormatyna milli ýas gününi jar etdi.

Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOCAR nebit burawyndaky ýangyndan azyndan 33 işçiniň halas edilendigini aýtdy.

Azerbaýjanyň nebitçi işçileriniň hukuklaryny goraýan komitetiň başlygy Mirwari Gahrymanly 5-nji dekabrda 32 işçiniň ölendigini, 42 işçiniň bolsa halas edilendigini aýtdy.

Emma ýangyn bolan burawa eýeçilik edýän SOCAR kompaniýasy Gahrymanlynyň aýdýanlaryny bada-bat tassyklamady.

Kompaniýa gaz liniýasyna güýçli ýel sebäpli zyýan ýetendigini aýtdy.

Resmiler gaý-tupanyň ýangyn söndürmek işini kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Bu hadysa boýunça jenaýat işiniň hem açylandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG