Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ene hakda aýdym


Enäniň we çaganyň eli.
Enäniň we çaganyň eli.

Uniwersitetde okaýan ýyllarymyz ýaşlaryň umumy ýatak jaýyndan ýer ýetmeýärdi. Kireýine jaý gözleýärdik. Meniň göwnüm şäheriň merkezinde, uniwersitete golaý ýerlerde bolansoň, şol töwereklerden jaý gözläp başladym.

Şahyryň ejesi

A.S. Puşkiniň ýadygärliginiň töwereklerinde, bag-bakjaly, daşy howluly jaýlaryň gapysyndan bardym. Gel, sorap göreýin-le diýip, bir gapyny kakdym. Içerden mähnet it üýrýär, başga ses ýok. Ony goýberseň dagy meni tike-para etjek.

Beýleki birisi hem gapysyny açmady. Üçünji gapyny tarkyldadyp başlanymda, içerden aýak sesi eşidildi. Bir garry aýal gapyny açdy. Dogrusy, ony görenimde gözüme ynanmadym. Aşgabadyň ortarasynda, Puşkiniň ýadygärliginiň ýanynda, beýle asuda jaýda türkmen ýaşaýandyr diýip oýlanmandym. Adatça merkezde başga milletler ýerleşip, türkmenler gyra-çetlerde, wagtlaýyn gurlan amatsyz jaýlarda ýaşaýardylar.

Üstesine, bu garry tüýs oba adamy. Başy gyňaçly, egni solgun alaça köýnekli, aýagy hem galoşly. Öz ejemi ýa daýzamy gören ýaly boldum. Ahyry özümi dürsäp, garra salam berdim. Soňam näme üçin gelenimi aýtdym.

Garry ene meni boýdan-başa synlady. Egin-eşigime, köwşüme seretdi. Bilmedim, birine meňzetdimi ýa ýöne enelik gözi bilen garadymy. Soňra sowuk dillendi.

– Bu töwerekden hiç kim saňa jaý bermez, oglum. Bu töwerekden jaý gözleme.

Eneler

Ol mähelläniň studente kireýine jaý bermeg-ä beýlede dursun, başgalar bilen asla gepleşmek islemeýän adamlaryň toplumydygyny men nireden bileýin.

Meniň gürrüňdeş bolanym, ýurduň Medeniýet ministri, şahyr Gara Seýitliýewiň ejesi bolup çykdy. Ýöne meniň gören garrym ministriň ýa ýurduň iň tanymal şahyrynyň ejesi däl, bir sada ynsanyň pukara enesidi.

Bu enäniň ol howla sygyp bilşine geň galdym. Ogul enäniň goltugyna sygsa-da, ene oglunyň giň howlusyna sygman bilýär.

Bezikmek

Beýleki bir şahyryň, ýokary wezipeli hem deputat bolan tanymal adamyň ejesi obadan görme-görşe gelipdir. Şahyryň aýaly enäni içerä goýbermegi örän ýokuş görüpdir. Ýöne garry ene nätsin, öz balasy, didara zar bolup gelensoň nirä gitsin!

Gözündäki gazaby bilen garryny öýünden çykaryp bilmedik gelin onuň galoşyny sübse bilen gazetiň üstüne alypdyr-da, çykaryp zyňypdyr.

Agşam işden gelen şahyr enäniň sessiz gözýaşyny görüpdir. Ol öz iş otagyna geçip, beýik serdar baradaky ýazyp oturan eserini bir gyra süýşüripdir-de, Ene barada goşgy düzüpdir.

Onuň ejesine bagyşlan goşgulary derrew halkyň ýüregine ýetdi.

Ene süýdüniň haky

Ýatlasak, Gara Seýitliýewde-de “Ene jan” diýen bir çeper goşgy hem şol goşgy esasynda döredilen gowy aýdym bar.

Şahyrlaryň arasynda şeýle gürrüň ýaşaýar. Kim dirilikde ejesine ýeterlik hyzmat etmedik bolsa, ene hakda köp ýazýandyr. Kim ene diýip gaty aglaýan bolsa, ol emen süýdüni ödäp bilen däldir.

Ak süýdüň haky kyýamata galmazmyş.

Aýdymlar

Dünýäde ene hakda nähili ajaýyp aýdymlar bar. Ol aýdymlar haýsy dilde ýa haýsy aýdymçy tarapyndan aýdylsa-da, hemmelere düşnükli ýaly bolup dur. Ene baradaky aýdymy mydama höwes bilen diňleýäs. Meniň göwnüme bolmasa, ene baradaky aýdymlar içi söýgüden hem armandan doly rekwiýem ýaly bolup dur.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG