Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trump: Musulmanlar ABŞ-a girmekden mahrum edilmeli


Amerikada 2016-njy ýylda geçjek prezidentlik saýlawlaryna kandidatlyk ugrunda respublikanlaryň arasynda barýan dalaşda öňbaşçy orunda duran Donald Trump.
Amerikada 2016-njy ýylda geçjek prezidentlik saýlawlaryna kandidatlyk ugrunda respublikanlaryň arasynda barýan dalaşda öňbaşçy orunda duran Donald Trump.

Amerikada 2016-njy ýylda geçjek prezidentlik saýlawlaryna kandidatlyk ugrunda respublikanlaryň arasynda barýan dalaşda öňbaşçy orunda duran Donald Trump ähli musulmanlar "bütinleý we dolulygyna" Birleşen Ştatlara girmekden mahrum edilmeli diýip teklip etmek bilen, bütin syýasy töwerekleriň we dünýäniň gahar-gazabyna hem tankydyna uçrady.

Öten hepde San-Bernardino şäherinde ekstremistler tarapyndan radikallaşdyrylan diýip çaklanylýan musulman är-aýalyň köp adamy atyp öldürenligi sebäpli prezidentlik kandidatlary milli howpsuzlygy gowulandyrmak barada oýlanyp, öz pikirlerini aýdýarlar. Trumpuň bu prowokasion hem bölüji beýanaty şol oýlara degişli.

Ol 7-nji dekabrda kampaniýanyň çäginde Günorta Karolinada eden çykyşynda: "Ýurdumyzyň wekilleri nämäniň nämedigine göz ýetirýänçä, musulmanlara ýurda girmek boýunça gadagançylyk öz güýjünde galmaly" diýdi.

“Bütinleý ters”

Trumpuň bellemegine görä, gadagançylyk zerur, sebäbi "musulman ilatyň uly böleginiň arasynda" amerikanlara garşy ýigrenç bar.

Respublikanlaryň öňbaşçy kandidaty: "Biz problemany anyklap, oňa düşünýänçäk, ol howply wehim bolup durýarka ýurdumyz diňe jyhada ynanýan, akyl-paýhasy ýok ýa adamzadyň ýaşaýşyna sarpa goýmaýan adamlaryň aýylganç hüjümlerine pida bolup bilmez" diýdi.

Bu teklip diňe syýahatçylara we immigrantlara gönükdirilýärmi ýa-da bu ýerde nyşana alynýan Amerikanyň daşary ýurtlardaky musulman raýatlarymy, bu barada Trumpuň özüniň ýa kömekçileriniň beren düşündirişi ýok.

Ak tam, ara salym salman, Trumpyň beýanatyny Birleşen Ştatlaryň gymmatlyklaryna "bütinleý ters" diýip ýazgardy.

“Öz aklyna däl”

Ak tamyň sözçüsi Joş Earnest Trump garaňky tarapa kakyp, "kampaniýasyna goldaw tapmak üçin adamlaryň arasyndaky gorkudan peýdalanýar" diýdi.

Earnestiň aýtmagyna görä, amerikan resmileri musulman jemagatyny ýazgarmagyň deregine musulmanlaryň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlyk edip, ekstremistik pikirleriň köküni ýolmaly, "radikalçylyga uçramagy mümkin adamlary [radikallaşmaz ýaly] goramaly".

Prezident Barak Obamanyň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli kömekçileriniň biri bolan Ben Rodes Trumpuň teklibini konstitusiýa ters diýip ret edip: "Biziň Hukuklar kanunymyzda dini erkinlige hormat bar" diýdi.

Birleşen Ştatlaryň öňki wise-prezidenti respublikan Dik Çeneý Trumpuň beýanatyny ýazgarsa, respublikanlaryň beýleki kandidaty ýurduň öňki prezidenti Jorj Buşuň dogany Jeb Buş Trump "öz akylyna däl" diýdi.

Respublikan partiýasynyň beýleki kandidatlary Marko Rubio, Jon Kasiç, Kris Kristi we Lindseý Graham hem Trumpuň teklibini ret ediler.

Reaksiýalar

Demokratlaryň öňbaşçy kandidaty Hillery Klinton Trumpuň beýanatyny "käýinje mynasyp, öňünden dörän ýalňyş pikir we bölüji" diýip häsiýtlendirdi.

Demokratlaryň beýleki kandidaty Martin O'Malleý: "Donald Trump faşist demagog" diýdi.

Amerika-yslam gatnaşyklary geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Nihad Awad Trumpuň aýdýanlaryny "paýhassyz, amerikan [pikiri] däl" diýip atlandyrydy.

San-Bernardino şäherinde bolan hüjümi amala aşyranlaryň biri bolan Taşfeen Malikiň doglan ýurdy Pakistanda hukuk aktiwistleri we dini liderler Trumpy zorlugy öňe sürýän fanatik diýip tankytladylar.

Pakistanda adam hukuklary boýunça iň tanymal aklawçylaryň biri bolan Asma Jahangir Trump "şeýle bir manysyz beýanat etdi welin, meniň oňa reaksiýa bildiresim-de gelenok" diýdi.

Trumpuň beýanatyny beýleki ýurtlardaky musulmanlar-da tankytladylar.

Awstraliýada Kanberra yslam merkeziniň başlygy Azra Han: "Belli zat, Donald Trump ýagdaýy tutaşdyrjak bolýar" diýdi.

Tailandyň Şehul yslam edarasynyň işgäri Somçaý Jewangmanyň bellemegine görä, Trumpuň beýanaty "goldaw almak üçin musulmanlary halamaýan" amerikan saýlawçylarynyň göwnünden turmaga gönükdirilen zat.

XS
SM
MD
LG