Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Yrakdan goşun çykarmakçy däl


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan ýurdunyň öz goşunlaryny Yragyň demirgazygyndan çykarmak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

“Goşun çykarmak şu wagt sorag astynda däl” diýip, Erdogan 10-njy dekabrda žurnalistlere aýtdy.

Onuň bu çykyşy ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Bideniň Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň we Yragyň arasyndaky dartgynlylyga üns çekmeginiň yzýany edildi.

Türkiýe 2014-nji ýyldan bäri Yragyň hökümeti bilen sazlaşdyrylan türgenleşik missiýasynyň çäginde Mosulyň golaýynda öz goşunlaryny saklaýar.

XS
SM
MD
LG