Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Montenegro: Biz öz bähbidimizi gözleýäris


Montenegronyň premýer-ministri: Biz öz bähbidimizi gözleýäris
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:53 0:00

Montenegronyň premýer-ministri: Biz öz bähbidimizi gözleýäris

Montenegronyň premýer-ministri Milo Dýukanowiç öz ýurdunyň NATO ýaranlygyna we Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga çalyşýandygyny belläp, sebäbi "biz öz bähbidimizi gözleýäris" diýýär. Podgorisanyň ýüzüni Günbatara öwürmegine Moskwanyň gaharly reaksiýa görkezmegi ony geňirgendirýär.

"Biz Ýewropa Bileleşigini we NATO-ny saýlap tutduk, sebäbi şol ýerde bolsak, özümiz üçin gowy bolar diýip pikir edýäris, sebäbi biz öz bähbidimizi gözleýäris. Şol sebäpden men içerki syýasata [keseden] bu derejede göni gatyşylýandyr öýtmändim" diýip, Dýukanowiç aýdýar.

NATO 2-nji dekabarda Montengrony ýaranlyga goşulmaga resmi suratda çagyranyndan iki hepde soň Azatlyk Radiosy bilen bolan söhbetdeşlikde Dýukanowiç özüniň Moskwanyň bu reaksiýasy Montenegronyň özi barada däl-de, ilkinji nobatda Orsýet-NATO gatnaşyklary baradadyr diýip pikir edýändigini aýtdy.

“Garaşylmadyk zat”

"Biz bu ýerde bir zady bellemeli, bu Orsýet bilen NATO-nyň arasyndaky, şeýle hem Orsýet bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň çynlakaý ýagdaýda ýaramazlaşýan mahalyna gabat gelýär. Meniň pikirimçe, düşündirişiň esasy bölegi şu ýerde ýatyr" diýip, Dýukanowiç 13-nji dekabrda aýtdy.

Ol Montenegronyň Ýewropa integrasiýasyna tarap edýän tagallalaryna Moskwanyň bu derejede duşmançylyk etmeginiň özüni geňirgendirendigini, sebäbi bu kiçijik balkan döwletiniň hereketleriniň Orsýete hiç hili howp salmaýandygyny belledi.

"Men munuň meniň üçin bir garaşylmadyk zat bolandygyny boýun almalydyryn. Şu ululykdaky bir döwletiň, şol güýç, şol gudrat, şol çynlakaýlyk, şol taryh bilen bir ýurduň içerki syýasy gatnaşyklary bolan zatlara şeýle gönümellik bilen gatyşmagy garaşylýan zat däl".

Gatnaşyklar

Ors prezidenti Wladimir Putiniň sözçüsi NATO-nyň Montenegro eden çakylygyna 2-nji dekabrda jogap berip, Moskwanyň mümkin bolan jeza çärerleri barada oýlanjakdygyny aýtdy.

Ors parlamentiniň ýokarky palatasynyň Goranmak komitetiniň başlygy Wiktor Ozerow Orsýet Montenegro bilen bilelikde alnyp barylýan proýektleri, şol sanda goranmak baradaky hyzmatdaşlygy-da doňdurar diýdi.

Orsýetiň daşary işler ministri hem 2-nji dekabrda bu çakylyk "diňe Orsýet bilen NATO-nyň gatnaşyklaryny öňküden hem beter çylşyrymlaşdyrar" diýip, duýduryş berdi.

Moskwa köpden bäri Montenegronyň NATO ýaranlygyna goşulmagyna garşy çykyp gelýär. Dýukanowiç mundan öň Kremli ýurtda bulagaýlyk oduny ölçermekde aýyplady. Onuň çaklamagyna görä, Moskwanyň maksady Montengrony durnuksyz, şol sebäpden hem [NATO] ýaranlygyna kandidatlyga ýaramsyz ýurt edip görkezmek.

“ÝB ymtylma bir adamyň garşysyna däl”

Montenegrodaky orsýetçi partiýalar NATO-nyň çakylygyna garşy çykyp, ençeme hepdeläp protest geçirdiler. Wagtal-wagtal zorlukly hereketlere ýazan bu protestler indi azalan hem bolsa, dolulygyna aýrylyp gidenok.

12-nji dekabrda Podgorisada 800 çemesi adam ýygnanyp, Dýukanowiçiň häkimiýet başyndan çekilmegini, ýa täze saýlawlar geçirilmegini ýa-da bir aralyk hökümetiň gurulmagyny talap etdiler. Soňky protestler hakda Orsýetiň döwlet telekanalynda berlen habarlarda protestçileriň sany "müňlerçä" ýetirilip, ýurt bulam-bujarlygyň gyrasynda diýip görkezildi.

Dýukanowiç Azatlyk Radiosy bilen bolan söhbetdeşlikde Moskwanyň tutumyna gynanyp, Podgorisanyň Günbatara tarap gönükmegi Orsýetiň "garşysyna" däl diýdi.

"Men bu bolan zatlara gynanýaryn. Sebäbi men Montenegronyň Ýewropa Bileleşigine ýa NATO ýaranlygyna agza bolmaga ymtylmagy bir adamyň garşysyna diýip pikir edemok. Şol sebäpden Orsýetiň-de garşysyna däl, onuň bilen asyrlar boýy däp bolup gelýän ikitaraplaýyn resmi gatnaşyklarymyz bar".

Pikir soralyşygyň netijeleri

NATO ýaranlygyna agzalyk Montenegroda, aýratyn-da jemgyýetiň özüni Serbiýa bilen ilteşikli duýýan bölegi üçin, düýpli mesele bolup durýar. Olar ýaranlygyň 1999-njy ýylda Serbiýany bombalanlygy üçin heniz hem gaharda.

Podgorisada ýerleşýän Demokratiýa we adam hukuklary baradaky merkez tarapyndan geçirilen pikir soralyşygyň 12-nji dekabrda görkezmegine görä, ilatyň 36.5 prosenti NATO goşulmagy oňlasa, onuň 36.2 prosenti oňa garşy.

Orsýetçi partiýalar soňky ýyllarda NATO garşy tutumy tutup geldiler. Oppozision partiýalaryň ählisi, şol sanda Ýewropanyň tarapyny çalýanlar-da, köplenç uzak wagt bäri häkimiýet başyndadygy üçin Dýukanowiçiň özüni-de tankytlaýarlar. 25 ýyl bäri Montenegronyň syýasatyna agalyk edýän - Dýukanowiç we onuň ”Sosialistleriň demoratik partiýasy”.

Dýukanowiçden onuň bir adamyň 20 ýyldan köp häkimiýet başynda galmagyny nädip delillendirýändigi, bu işi edýänler, adat boýunça, diňe diktatorlar ýa awtokratlar diýlip soraldanda, ol bu oppozisiýanyň gowşaklygynyň alamaty diýip jogap berdi.

"Güýjümiz gowşak bolsa-da, biz utuş gazandyk. Sebäbi bäsleşik örän gowşak boldy, gynansak-da, bu [ýagdaý] hiç haçan uýtgemedi".

XS
SM
MD
LG