Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky türkmenler: Eýesiz hem watansyz


Pakistandaky etniki türkmenler.
Pakistandaky etniki türkmenler.

Bilnişi ýaly Owganystanda uzaga çeken uruşlar hem durnuksyzlyk sebäpli ol ýurtda ýaşaýan etniki türkmenleriň bir bölegi goňşy döwlet Pakistana göçmeli boldylar.

Pakistana göçen türkmenleriň aglabasy dokumentsiz hem kyn durmuş şertlerinde ýaşamaga mejbur bolup, olar hem watansyz, hem eýesiz galdylar.

Eýse, Pakistanda doglan türkmen ýetginjekleri başdan geçirilýän ýagdaýlara nähili baha berýärler? Olar durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin nähili ýollar saýlap alýarlar? Pakistandan Eýranyň üsti bilen Türkiýä gaçgak ýagdaýda göçüp gelýän türkmen ýetginjekler üçin bosgunlyk çäremi? Pakistanly bosgun türkmen ýetginjekleri Türkiýede nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Pakistandaky türkmen ýetginjekleriniň problemalaryna ser salýar. Bu temadaky gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org we metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip bilerler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG