Litwanyň sudy gaçgaklykdaky gazak tütjary Muhtar Abliýazowyň gaýnyny girew esasynda azat etdi.
Wilnýusyň etrap sudy 18-nji dekabrda Sarym Şalbaýewi, 50 müň amerikan dollaryny girew goýanyndan soň, azatlyga goýberdi.
Şeýle-de sud onuň Gazagystana ekstradisiýa edilmek ähtimallygyna syýasy gaçybatalga baradaky talabyna garalyşy esasynda serediljekdigini aýtdy.
Şalbaýew Litwada iýulda tutuldy. Ol Alma Şalbaýewanyň, Gazagystanyň öňki bankiri we oppozisiýa şahsyýeti Abliýazowyň aýalynyň dogany.
Abliýazow 5 milliard dollar ogurlamakda aýyplanýar. Emma ol bu aýyplamanyň syýasy äheňlidigini aýdýar.