Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa: 2015 gaty agyr ýyl boldy


Gazagystan – Ýurt baýramyny bezegli sahnasy
Gazagystan – Ýurt baýramyny bezegli sahnasy

Orsýetde emele gelen ykdysady krizis, onuň sebite ýetiren täsiri, Orsýetde işleýän müňlerçe merkezi aziýaly migrantlaryň öz ýurtlaryna dolanmaga mejbur bolmagy, ýangyjyň bahasynyň peselmegi, esasanam milli pul birlikleriniň hümmetiniň pese gaçmagy - 2015-nji ýylda Merkezi Aziýada iň möhüm wakalar hökmünde öňe saýlandy.

Elbetde, gürrüňi edilýän bu ýagdaýlaryň sebitiň dürli ýurtlaryna ýetiren täsiri biri-birinden tapawutly bolup, olara garşy görlen çäreler we şol çäreleriň netijesi hem tutuş sebit boýunça deň bolmady.

Mejlisiň nobatdaky sanynda, ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde bolup geçen iň möhüm wakalara nazar aýlanyp, olar geljek – 2016-njy ýyl üçin nämäni aňladýar diýen soraga jogap tapmaga synanyşylýar.

Mejlisiň myhmanlary:

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň müdiri – Sojida Jaffarowa;

Gyrgyz gullugynyň müdiri – Venera Jumataýewa;

Özbek gullugynyň habarçysy – Sirojiddin Talibow;

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa barada habarlar çap edýän blogy “Qişloq Ovoziniň” redoktory Brýus Pannier.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Merkezi Aziýa: 2015 gaty agyr ýyl boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG