Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiý Angilýadan gaçybatalga sorajak diýýär


Mihail Hodorkowskiý.
Mihail Hodorkowskiý.

Orsýetiň ozalky nebit tütjary we Kremliň tankytçysy Mihail Hodorkowskiý özüniň Angliýadan syýasy gaçybatalga soramagynyň ahmaldygyny aýdýar. Moskwa 23-nji dekabrda onuň jenaýat aýyplamasy esasynda tussag ediljegini aýtdy.

“Men Angliýadan gaçybatalga soramagyň pikirini edýärin” diýip, ol Moskwanyň sudunyň tussag etmek baradaky kararyndan soň BBC korporasiýasy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Rus sudy Hodorkowskini 1998-nji ýylda Sibirde bir şäheriň häkimini öldürmekde aýyplaýar.

Hodorkowskiý BBC bilen söhbetdeşlikde rus häkimiýetleriniň özüni galp aýyplama esasynda tussag etjek bolýandyklaryny we munuň ”däliremekdigini” aýtdy. Ol bu ýagdaý rus prezidenti Wladimir Putiniň meni “çynlakaý howp” hasaplaýandygyny görkezýär diýdi.

Hodorkowskiý “Men prezident Putin tarapyndan ykdysady we syýasy taýdan howp diýip hasaplanylýaryn. Sebäbi ol meni Orsýetiň daşary ýurtlardaky emläklerini ele salyp, 2016-njy ýylda geçiriljek saýlawlarda demokratik dalaşgärlere ýardam berip biläýjek adam hökmünde görýär” diýip belleýär.

“Režimiň üýtgejekdigine ynanýaryn”

Orsýetde öňümizdäki ýylda ýurduň parlamentiniň, ýagny Döwlet Dumasynyň aşaky öýi üçin saýlawlar geçiriler. Häzirki wagtda Dumanyň düzüminde Putiniň tarapdarlary agdyklyk edýär.

23-nji dekabrda Kreml Orsýetiň Derňew komiteti tarapyndan çykarylan karar bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Hodorkowskiý özüniň “Açyk Orsýet” atly demokratiýanyň tarapyny tutýan guramasy we beýleki usullar arkaly “Orsýetdäki ýaş syýasy aktiwistleriň syýasy tejribe gazanmagyna we ýurtdaky häzirki režime alternatiw güýç hökmünde peýda bolmagyna ýardam bermegi” maksat edinýändigini aýtdy.

Ol edil häzirki wagtda Orsýetde režimiň çalyşmagy barada “optimistik” gürrüň etmegiň örän kyndygyny aýdyp, “Men öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda režimiň üýtgejekdigine ynanýaryn we meniň hem munda örän wajyp rolum bolar diýip umyt edýärin” diýdi.

Bir wagtlar Orsýetiň iň möhüm nebit kärhanasy – “Ýukosyň” ýerine ýetiriji ýolbaşçysy hökmünde ýurduň iň baý adamy bolan Hodorkowskiý salgyt galplyklarynda we bidüzgünçiliklerde aýyplanyp, 10 ýyl Sibirde türmede saklanyldy. Ol özüne bildirilen aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny aýdýar.

“Men islendik wagty öldürilip bilerdim”

Putin 2013-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öň ýanynda, Hodorkowskiýniň günäsini geçdi. Ol häzirki wagtda daşary ýurtda, aglaba Şweýsariýada ýaşaýar.

“BBC” korporasiýasy soňky ýyllarda Putiniň tanymal garşydaşlarynyň ölümlerine, şol sanda öňki gizlin agent Aleksandr Litwinenskonyň 2006-njy ýylda Londonyň myhmanhanasynda zäherlenip öldürilmegine salgylanyp, Hodorkowskiden öz üstüne howp abanýar diýip duýýandygyny ýa-da duýmaýandygyny sorady.

“Bu režimiň garşydaşlarynyň öldürilmeginiň taryhy örän täsirli... Emma men 10 ýyl türmede ýatdym. Men ol ýerde islendik gün aňsatlyk bilen öldürilip bilerdim. Men şol ýyllaryň dowamynda Londonda özümi has howpsuz, arkaýyn duýýardym” diýip, Hodorkowskiý belledi.

Moskwa Hodorkowskini özüniň birnäçe işgärine ýurduň Nefteýugansk sebitiniň häkimi Wladimir Petuhowy, şeýle-de şol wakada aman galan ýerli işewüri öldürmegi buýurmakda aýyplaýar.

Hodorkowskiniň tussag edilmegi baradaky karar, ýaragly polisiýa işgärleri Hodorkowskiniň “Açyk Orsýet” atly hereketiniň Moskwadaky edarasynyň jaýyna reýd geçirenden bir gün soňra çykaryldy. Şeýle-de, Hodorkowskiniň guramasynda işleýän azyndan ýedi aktiwistiň hem ýaşaýyş jaýlarynda gözleg-derňew işleri geçirildi.

XS
SM
MD
LG