Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul partlamasynda iki adam öldi


Janyndan geçen sürüji 1-nji ýanwarda bir adamy öldürdi, 11 adamy ýaralady.
Janyndan geçen sürüji 1-nji ýanwarda bir adamy öldürdi, 11 adamy ýaralady.

Janyndan geçen sürüji 1-nji ýanwarda merkezi Kabulda maşynyny partladyp, azyndan bir adamy öldürdi, 11 adamy bolsa ýaralady.

Polisiýa bu hüjümiň «Le Jardin» restoranyny nyşana alana meňzeýändigini, bu binanyň ýalna gaplanandygyny aýtdy.

Bu hadysada köçede duran bir adamdan başga özüni partladan bombaçy hem öldi.

«Talybanyň» sözçüsi Zabihullah Mujahid twitterde bu hüjümi öz toparynyň amala aşyrandygyny aýtdy.

Owgan eýeçiligindäki restoran daşary ýurtlularyň köp gelýän ýeri bolup, daşary ýurt ilçihanalarynyň, hökümet binalarynyň we restoranlaryň köp etrabynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG