Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýolöten 'iň gowy etrap' boldy


Oda çoýunýan ýolötenliler
Oda çoýunýan ýolötenliler

Türkmenistanda ýylyň iň gowy etraby kesgitlendi.

Türkmen telewideniýesi anna güni geçirilen hökümet maslahatynda prezidentiň garamagyna etraplaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisi diýlip, Ýolöten etraby barada gelnen çözgüdiň hödürlenendigini habar berdi.

Prezident Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň ähli görkezijiler boýunça ýeňiji bolandygyny tassyklap, bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky buýruga gol çekdi.

XS
SM
MD
LG