Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur aýdymçy Dawid Bowie ýogaldy


Dawid Bowie konsertde, Wena, 4-nji fewral, 1996.
Dawid Bowie konsertde, Wena, 4-nji fewral, 1996.

Britaniýaly dünýä belli sazanda Dawid Bowie 69 ýaşynda rak keselinden ýogaldy.

Onuň Twitter we Facebook sosial ulgamlaryndaky resmi sahypalarynda 11-nji ýanwarda çap bolan maglumatda şeýle diýilýär: “Dawid Bowie rak keseline garşy 18 aýlap dowam eden ajaýyp göreşinden soň şu gün öz maşgalasynyň arasynda rahat dünýäden ötdi" diýilýär.

Geçen hepdede täze albom çykaran Dewid Bowie glam rok akymynyň düýbüni tutujy we 20-nji asyryň iň üstünlikli artistleriniň biri hasaplanýar.

Onuň “Blackstar” atly täze albomy 8-nji ýanwarda köpçülige hödürlendi.

BBC-niň maglumatyna laýyklykda Bowie 50 ýyllyk karýerasynyň dowamynda dünýä derejesinde 140 million çemesi saz ýazgysyny satdy.


XS
SM
MD
LG