Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Twitter-iň" gymmatly kagyzlary arzanlaýar


"Twitter"-iň gymmatly kagyzlary arzanlaýar
"Twitter"-iň gymmatly kagyzlary arzanlaýar

“Twitter” kompaniýasy hat alyşygyň täze görnüşlerini oýlap tapmagyň ugruna çykypdyr.

“Twitter Inc” atly kompaniýanyň döredijilerinden Jack Dorseýiň ýerine ýetiriji baş müdir wezipesine saýlanmagyndan alty aý geçenden soň, firmanyň gymmatly kagyzlarynyň bahalary häzire çenli görülip eşidilmedik derejede pese gaçypdyr.

“Bloomberg” žurnalynyň ýazmagyna görä, firmanyň gymmatly kagyzlary 2013-nji ýylda ilkinji gezek halka satuwa çykarylypdyr. Şondan bäri hem bu sosial ulgamy ulanýanlaryň we biznes hyzmatlarynyň girdeýjileriniň pese gaçmagy maýadarlaryň lapyny keç edipdir.

Dorseý, jogapkär işgärleriň sanyny azaldyp, ýagdaýyň öňüni almaga synanşan hem bolsa, ädilen ädimler we görülen çäreler şu wagta çenli oňaýsyz ýagdaýa öz täsirini ýetirip bilmändir.

“Twitter-iň” gymmatly kagyzlary Nýu-Ýork biržasynda 1,4% pese gaçyp, 19,98 dollara satylypdyr. Bu firmanyň öz gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek halka hödürlän wagtyndan, ýagny 2013-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri iň pes derejesine ýetdi.

Dorseýiň aýtmagyna görä, “Twitter” sosial ulgamyndaky hyzmatlarynyň täze görnüşlerini oýlap tapmak üçin ýörite iş alnyp barylýar. Muňa ulanyjylaryň has uzyn hatlary paýlaşmagyna mümkinçilik döredilmegi hem degişlidir. Dorseýiň belleýşi ýaly, adamlar onsuzam hatlaryň skrinşotlaryny ibermek bilen has uzyn tekstleri paýlaşýarlar.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde Dorseý twitleriň aglabasynyň "çeperçilik taýdan nepis hem gysgajyk" görnüşde galmagynyň tarapdary.

“Twitter-iň” geçen ýylyň dördünji ýarymy üçin girdeýji hasabatyny 10-njy fewralda aýan etmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG