Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Charlie Hebdo” Taňrynyň karikaturasyny çekdi


“Charlie Hebdo”.

Watikan Allanyň karrikaturasyny çekendigi sebäpli Fransiýanyň “Charlie Hebdo” žurnalyny tankytlady.

Žurnalyň ýüzünde egninde "Kalaşnikow" kysymly tüpeň asylgy we üsti-başy gana boýalan Allanyň karikaturasy neşir edilipdi.

Watikanyň L"Osservatore Romano" atly gazeti munuň ähli dindarlar we Taňra ynanýan adamlary äsgermezçilikdigini belleýär.

Gazetiň bu neşiri 6-njy ýanwarda çap edildi.

Bu ýörite san yslamçylaryň geçen ýylyň 7-nji ýanwarynda ol žurnalyň Pariždäki redaksiýasyna eden ýaragly hüjümine bir ýyl dolmagyna bagyşlanypdyr.

Ýatladyp geçsek, ol hüjümde 12 adam ölüpdi.

Ol hüjümiň jogapkärçiligini “Al-Kaýdanyň” arap ýarymadasyndaky bölümi öz üstüne alypdy.

Olar şeýlelikde Muhammet pygamberiň karikaturasyny çeken žurnaldan ar alnandygyny aýdypdylar.

Fransiýada 4-nji ýanwarda geçen ýylyň 7-nji hem 9-njy ýanwarynda edilen hüjümlerde ölenler ýatlanyp geçildi. Ol hüjümlerde jemi 17 adam ölüpdi.

Fransiýanyň prezidenti François Hollande hem 5-nji ýanwarda hüjümiň bolan ýerine baryp, birnäçe hakyda ýazgysynyň açylyşyna gatnaşdy.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG