Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan alymlary täze planeta 'tapdy'


Amerikan astronomlary Gün sistemasynda Plutonyň ýerini tutjak planeta agzasyny tapan bolmaklarynyň mümkindigini aýdýarlar.

Kaliforniýanyň Tehnologiýa institutynyň ylmy-barlagçylary 19-njy ýanwarda hasabat çap edip, Ýerden on esse uly görünýän dokuzynjy planetany tapan bolmaklarynyň ahmaldygyny aýtdylar.

Täze tapylan planetanyň Neptunyň has aňyrsynda aýlanýandygy aýdylýar. Astronomlar Maýk Brown bilen Konstantin Batigin bu planetanyň goňşusy Neptun ýaly äpet bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

XS
SM
MD
LG