Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýolgaçy uçarlaryny täzelär


Airbus A320
Airbus A320

Eýran basym airbus ýolagçy uçarlarynyň 100-den gowragyny satyn almak üçin şertnama gol çeker diýip, ýurduň transport ministri aýdýar.

Abbas Ahundi bu ylalaşyga 27-nji ýanwarda, Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň Fransiýa etjek sapary mahalynda gol çekiljekdigini aýtdy.

Bu şertnama 16-njy ýanwarda, Eýran bilen dünýäniň alty iri döwletiniň arasynda amala aşyrylan ylalaşyk netijesinde, Tährana garşy girizilen halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Eýran juda könelen ýolagçy uçarlaryny gyssagly täzelemäge mätäç. Ahundy bu ýurduň 250-den gowrak ýolagçy uçarynyň diňe 150 sanysynyň uçmaga ýaraýandygyny aýtdy.

"Bize uzak we orta aralyga gatnaýan 400, gysga aralyga gatnaýan 100 uçar gerek» diýip, ol aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG