Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollar çäklendirmesi we reaksiýalar


Türkmenistanyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda daşary ýurt puly satylýan mahaly, dollar satyn almak üçin nobata duran ýaşaýjylar.
Türkmenistanyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda daşary ýurt puly satylýan mahaly, dollar satyn almak üçin nobata duran ýaşaýjylar.

Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň resmi walýuta alyş-çalyş nokatlarynda ilata daşary ýurt pullary, şol sanda dollar we ýewro satylmaýar. Ýagny şu ýylyň ýanwar aýynyň 12-sinden başlap, ýurtda ilata daşary ýurt puluny satmak düzgünlerine birnäçe üýtgetmeler girizildi we indi fiziki şahslar daşary ýurt walýutasyny diňe bank hasaplarynyň üsti bilen satyn alyp bilerler.

Şol bir wagtda, soňky ýyllarda Türkmenistanyň raýatlarynyň ençemesi iş, okuw ýa-da ýaşamak maksady bilen dürli ýurtlara gitdiler. Olaryň aglabasynyň zähmet migrantlaryndan we studentlerden ybaratdygy aýdylýar.

Eýse, ýurtda dollaryň satuwy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler daşary ýurtlarda işleýän türkmenistanly zähmet migrantlaryna we bilim alýan studentlere nähili täsir ýetirýär? Olar bu täze düzgüne nähili reaksiýa bildirýärler? Şeýle-de, Türkmenistanda girizilen dollar çäklendirmesi daşary ýurtlar bilen durmuşy baglary bolan maşgalalara nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkmenistanyň dollar gadagançylygynyň daşary ýurtlar bilen durmuşy baglary bolan raýatlaryna ýetirýän täsirine gönükdirýär.

Bu temadaky gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azathabar.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik poçta salgylary arkaly aragatnaşyga geçip bilerler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG