Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Pul çäklendirmesiniň zeleli bar'


Türkmenistanyň Daşary ykdysady banky, Aşgabat.
Türkmenistanyň Daşary ykdysady banky, Aşgabat.

Türkmenistanda daşary ýurt walýutasyna degişli bank hasaplaşyklarynyň çäklendirilendigi barada köpçülige resmi maglumat berilmedi, sebäpler hem resmi taýdan düşündirilmedi.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň merkezi bankynyň websaýtynda ýaňy-ýakynda çap bolan resmi bildirişde 12-nji ýanwardan bäri dollaryň nagt söwdasynyň ýatyrylmagynyň sebäpleri düşündirilip, hususan-da ýurduň bank sistemasyny halkara kadalaryna laýyklykda ösdürmek we nagt bolmadyk hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady agzalypdy.

Aslyýetinde, ýurduň daşyna daşary ýurt walýutasynda tölegleriň amala aşyrylmagynyň çäklendirilmeginiň nähili sebäpleri bolup biler?

Şeýle çäklendirmeler ýurda maliýe taýdan näme berýär?

Azatlyk Radiosy bu sowallary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki ýolbaşçysy Hudaýberdi Orazowa berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:46 0:00

XS
SM
MD
LG