Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama metjide baranda çydamlylyga çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň (ortada) amerikan musulmanlary jemgyýetiniň liderleri bilen duşuşygy, Baltimoryň metjidi, Maryland, 3-nji fewral, 2016
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň (ortada) amerikan musulmanlary jemgyýetiniň liderleri bilen duşuşygy, Baltimoryň metjidi, Maryland, 3-nji fewral, 2016

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Birleşen Ştatlarda musulmanlara garşy çykyşlaryň güýçlenmegine garşy duýduryş etdi we musulman liderlerini yslamyň ekstremistik teswirine garşy çykyş etmäge çagyrdy.

Metjide ilkinji saparynda

Prezident Obama 3-nji fewralda Baltimordaky yslam jemgyýetinde eden çykyşynda Gurhandan we amerikan taryhyndan başga pikir-garaýşa çydamlylyk mysallaryna ýüzlendi. Ol “Biz köne düşünjeleri we ters pikirleri ulanmaga mümkinçilik gözleýän we adamlara din sebäpli hüjüm edýän syýasatçylardan ýüz öwürýäris” diýdi.

Ol Ak tamda bolan ýedi ýylynyň dowamynda metjide eden ilkinji saparynda özüniň yslama we bosgunlara garşy çykyşlara garşy durjakdygyny aýtdy.

Obama bu çykyşynyň öňüsyrasynda musulmanlaryň dini liderleri we aktiwistleri bilen duşuşdy.

Obama Baltimoryň günbatarynda ýerleşýän mekdebe baranda, yslama garşy dini şygarlary öňe süren birnäçe protestçi bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Onuň bu sapary metjitlere we musulmanlara garşy ýigrençli çykyşlaryň güýçlenen wagtyna gabat geldi. Şeýle çykyşlar ýurduň Kaliforniýa ştatynyň San Bernardino şäherinde we ondan bir aý öň Fransiýada bolan terrorçylykly hüjümlerden soň hasam güýçlenipdi. Hüjümleriň ikisi-de ekstremistik yslam ideologiýasyna eýerýänler tarapyndan amala aşyrylypdy.

Kaliforniýadaky ok atyşykdan soň Filadelfiýanyň metjidine doňzuň kellesi eltilipdi, şeýle-de polisiýa Günorta Kaliforniýada metjitde bolan ýangynyň bilkastdan edilen işdigini anyklady.

Yslama garşy ritorika

Ak tamda Obamadan soň prezident wezipesini eýelemek boýunça saýlaw kampaniýasynda hem yslama garşy ritorika ýaňlandy. Respublikanlaryň dalaşgäri bolmak ugrunda öňde barýan milliarder Donald Tramp noýabr aýynda eden çagyryşynda ABŞ-da ýaşaýan musulmanlary ýurt boýunça hasaba almagy teklip etdi. Bu ideýa demokratlar we respublikanlar tarapyndan dessine ret edildi.

Bir aýdan soň Tramp ähli musulmanlaryň ABŞ goýberilmegini gadagan etmäge çagyrdy.

Оbama Trampy ýa-da musulmanlar babatynda tankytly çykyş eden beýleki syýasy liderleri agzamady, emma şeýle çykyşlary ýazgardy.

Obama “Biz ýigrenje ýugrulan çykyşlary tankyt etmekde birsydyrgyn bolmaly” diýip belledi. Ol ýene-de: “Biziň hiç birimiz dymmaly däl. Biz fanatizme biparh bolmaly däl” diýip, köpçüligi çydamlylyga çagyrdy.

ABŞ-da radikal musulmanlaryň Kaliforniýadaky ýaly terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmagyndan gorkularyň güýçlenmegine garamazdan, Obama musulmanlaryň “Yslam döwleti” ýaly ekstremistik toparlar bilen baglanyşdyrylmagyna garşy çykyş etdi.

Şeýle-de Obama musulman liderleriniň terrorçylykly ideologiýany ýazgarmakda we öz umumyadamzat gymmatlyklary ugrundaky göreşde gazanýan üstünliklerini aýan etmekde has açyk çykyş etmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG