Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk serhedinde 35 müň siriýaly toplandy


Kilis, türk-Siriýa serhedi
Kilis, türk-Siriýa serhedi

Türkiýe bilen serhede toplanan siriýaly bosgunlaryň sany soňky 48 sagatda iki essä golaý köpelip, 35 müňe ýetdi.

Olar demirgazyk şäher Alepponyň golaýynda hökümet güýçleriniň ilerlemesi sebäpli turan söweşlerden gaçan adamlardyr.

Türkiýäniň serhet welaýaty Kilisiň gubernatory Süleýman Tapsyz serhet töweregine 35 müň bosgunyň gelendigini aýtdy. 5-nji fewralda bu ýere gelen bosgunlaryň sany 20 müň çemesi bolupdy.

Tapsyz Kilisiň golaýyndaky serhet geçelgesinde, eger rus howa zarbalary we Siriýanyň hökümet güýçleriniň hüjümleri dowam etse, ýene 70 müň çemesi siriýalynyň gelmegine garaşyp boljakdygyny aýtdy.

Ol Türkiýe ýurdundan bosdurylan adamlara kömek eder, emma derwezelerini diňe «adatdan daşary krizis» ýagdaýynda açar diýdi.

XS
SM
MD
LG