Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors goşunyndaky robotlar edebiýatdaky esgerlere meňzeş


"Robot" sözi owal "Labori" bolmaly ekeni.

Bu ýyl Orsýet goşunlary robotlaryň edil esgerler ýaly goşunda ulanylmagy babatda synaglara başlaýar. Geljek 10 ýylda ors goşunynyň esgerleriniň ýüzden 30 göteriminiň öwezini Orsýetde öndürilen robotlar doldurar.

Bu habar 2055-nji ýylda ýasama aňyň adamzada garşy alyp barjak urşy barada söz açýan ylmy-fantastiki filmleri we eserleri mamla çykarýar.

Häzirki döwürde ylmy-fantastiki filmlerde geljek 40 ýylda robotlaryň adamlaryň ygtyýaryndan çykjakdygy, özbaşdak ýagdaýa eýe boljak robot esgerleriň adamzada garşy söweşjekdigi barasynda gürrüň berilýär.

Robotlaryň söweşde ulanylmagyna garşy çykyş edýän hünärmen Stephen Hawking geljek 100 ýylda robotlaryň adamlardan has akylly boljakdygyny we adamzadyň soňuna çykjakdygyny öňe sürýär.

"Karel Capek"-iň drama eseri

"Robot" sözüni ilkinji gezek Karel Çapek atly çeh ýazyjysy 1920-nji ýylda "R.U.R" atly drama eserinde ulanypdyr. Ol drama eseri 1920-nji ýyllarda Çehoslowakiýada, ABŞ-da we Angliýada teatrlarda görkezilipdir.

Ol oýundaky robotlar, adamynyň organlaryny emele getirýän maddalaryň himiki görnüşlerinden ýasalan ekeni. Robotlar, özüni ýasanlardan hemme zady öwrenip, soň edil şolar ýaly hereket etmeli eken. Emma welin robotlar özüni ýasandan ýamanlygy hem öwrenipdirler we soň olar adamzada garşy ýamanlyk etmäge synanyşypdyrlar.

Drama oýny, romantiki we optimizm görnüşde tamamlanypdyr, ýagny erkek robot bilen zenan robot biri-birine aşyk bolupdyr. Şeýlelikde olar ýeriň ýüzünde ýaşamaly diýen karara gelipdirler.

Karel Çapek "robot" sözüni oýlap tapyp, oňa bütin dünýäde meşhurlyk gazandyrandan soň ol, "Oxford iňlis dili edarasyna" ýörite hat ýazyp, ol sözüň inisi Josef Çapek tarapyndan oýlanyp tapylandygyny aýan edipdir.

Karel Çapek soň bir çeh gazetine ol drama eseri barada beren interwýusynda şeýle diýipdir: "Ilki başda ol sözi "labori" görnüşinde ýazmak isledim. Ol ady "zähmet" diýen manyny berýän "labor" atly latyn sözünden döretmek isledim. Ýöne soň ol sözüň aýdylyş äheňini halamadym. Ol sözüň äheňi kitaby göründi. Ondan soň men inime sala saldym. Şonda inim maňa "robot" diýip atlandyrmagymy maslahat berdi. Çeh dilinde "robot" diýen söz "agyr zähmet" diýen manyny berýär".

XS
SM
MD
LG