Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Ykdysady krizis we şahsyýet kulty


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

Soňky döwür dünýä metbugatynda Türkmenistanyň ady barha köp agzalýar, emma şol habarlar gynansakda oňaýsyz wakalardan ybarat.

Türkmenistan özüniň energiýa resurslary boýunça dünýäniň bäşinji ýurdy bolsa-da, soňky döwür onuň ykdysadyýetiniň barha çökgünlige uçrap başlandygyny görse bolýar.

Ýurtda walýuta alyş-çalyş nokatlarynda dollaryň satuwy togtadylyp, harytlaryň importynyň we eksportynyň gerimi gowşady. Bir wagtlar mugt bolan jemgyýetçilik hyzmatlary-da ýekän ýekän tölegli edilýär.

Şeýle ýagdaýlaryň fonynda, prezident Berdimuhamedowyň hem ozalky prezidentiň mysalyna eýerip häkimiýetde boldugyndan köp saklanmak ugrunda tagalla edip başlandygyny görse bolýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda prezidentiň şahsyýet kulty barha güýçlenip, hökümete tankydy garaýanlara edilýän basyşlar barha artyp başlady.

Mejlisiň bu günki sanynda Türkmenistanyň häzirki ykdysady ýagdaýy, onuň mümkin gelejegi, şeýlede ykdysady çökgünligiň soňky döwür kabul edilýän syýasy kararlar bilen bolaýmagy mümkin arabaglanyşygy barada gürrüň edilýär.

Mejlisiň myhmanlary:

Peter Leonard: Eurasia.net internet neşiriniň Merkezi Aziýa boýunça redaktory

Ruslan Mätýew: Türkmenistanyň alternatiw habarlary neşiriniň redaktory

Bruce Pannier: Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meselelerine bagyşlanan “Qishloq Ovozi” blogunyň redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Türkmenistan: Ykdysady krizis we şahsyýet kulty
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG