Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda Skype petikli galýar


Özbegistanda "Skype", "Viber" ýaly internet aragatnaşyk ulgamlarynyň petiklenmegi dowam edýär.

“CA-News” habar gullugynyň maglumatyna görä, ýurtda aragatnaşyk pudagyny dolandyrýan "Uzbektelekom" firmasynyň beren wadasyna garamazdan, Skype internet aragatnaşyk ulgamy Özbegistanda heniz hem kadaly işläp başlamandyr.

Edil öňküsi ýaly, häzir-de bu internet aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanmak mümkinçiligi ýok. Skype internet aragatnaşyk ulgamyny ulanjak bolan Özbegistanyň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, skype programmasyny açyp, ulanmaga başlan mahalyň ilkibaşda arabaglanyşyk ýola goýlup, gepleşýän adamyňy görüp, sesini eşitseň-de, soňra ara düýbünden kesilýär. Käbir beýleki ulanyjylaryň aýtmagyna görä bolsa, Skype internet aragatnaşyk ulgamy olaryň ýaşaýan ýerinde asla açylmaýar.

Özbegistanyň "Sarkor" prowaýderinden berlen maglumata görä, Skype hyzmaty olaryň müşderileri üçin ýapyk we haçan bu problemanyň çözüljegi-de belli däl.

Ýatlap geçsek, "Skype", "Viber", "Telegram" ýaly internet aragatnaşyk ulgamlary Özbegistanda geçen ýylyň 29-njy iýulyndan bäri agzalýan problemalara uçrap gelýär. Öň bu ulgamlar arkaly iň bärkisi hat alşyp bolýan eken. Ýöne edil şol wagtda hem "Özbektelekom" firmasynyň internet sahypasynda şeýle bildiriş çap edilipdir: "Ulanylýan ulgamlar boýunça "Özbektelekom" firmasynyň şärikleri bilen geçirilýän gowulandyryş çäreleri sebäpli 2015-nji ýylyň 29-njy iýulyndan 8-nji awgustyna çenli internet hyzmatynyň hiliniň peselmegi ahmaldyr!".

Soňra, awgust aýynda, Skype internet aragatnaşyk ulgamy, öňküleri ýaly, ýene öz işini bes edipdir. Biraz soňra "Özbektelekom" firmasynyň internet sahypasynda ýene bir bildiriş peýda bolupdyr we ol bildirişde gowulandyryş işleriniň 31-nji awgusta çenli dowam etjekdigi aýdylypdyr. Şeýle bildirişler ondan soňam birnäçe gezek çap edilipdir. Olardan iň soňkusy bu ýylyň ýanwar aýynyň başynda çap edilipdir we onda "Özbektelekom" firmasy gürrüňi edilýän problemany 5-nji fewrala çenli gutarnykly çözmegi söz beripdir.

Häzirki wagtda firmanyň internet sahypasyndan agzalýan problemanyň ýene näçe wagtlap dowam etjekdigi ýa-da onuň haçan we nähili çözüljekdigi barasynda asla hiç hili maglumat almagyň mümkin däldigi aýdylýar.

Özbegistanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi häzirki wagtda Skype internet aragatnaşygyny başga ýurtlaryň hödürleýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýagny VPN (Virtual Private Network) derwezesi arkaly ulanýarlar.

XS
SM
MD
LG