Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrow: Raport gybatdan başga zat däl


Çeçen lideri Ramzan Kadyrow.
Çeçen lideri Ramzan Kadyrow.

Ramzan Kadyrow, Ilýa Ýaşin Çeçenistanyň jedelli ýolbaşçysy baradaky öz raportyny Moskwada metbugat ýygnagynda jemgyýetçilige ýetirmezinden birnäçe sagat öň çap etmek bilen, liberal oppozision syýasatçydan öňürtdi.

Kadyrow "Milli howpsuzlyga wehim" diýip atlandyrylan 65 sahypalyk raporty sosial mediada "gybatdan başga zat däl" diýip, ret etdi.

Ýaşiniň bir kopiýasy soňra "https://openrussia.org/post/view/12965/" saýtynda ýerleşdirilen raportynda Kadyrowyň öz "çeçen halyfatynda" aýşy-eşretde höküm sürýänligi, şerigat kanunyny Orsýetiň kanunyndan ýokary tutýanlygy, öz harby güýjüni artdyrýanlygy aýdylýar.

Raportda: "Kadyrowyň öz garaşsyzlygyna bolan ynamy ýyl saýyn artýar, federal hökümet bilen aradaky gepleşiklerde ulanýan äheňi gitdigiçe gödekleşýär" diýilýär.

“Şahsy goşuny”

Dokuz bölümden ybarat raport Kadyrowyň Çeçenistandaky awtoritar hökümdarlygy, aýşy-eşretli şahsy durmuşy, federal býujetiň hasabyna bolýan korrupsiýa, otuz müň söweşijiden ybarat "şahsy goşuny" ýaly temalary öz içine alýar.

Raportda şeýle hem Kadyrowyň guramaçylykly jenaýata degişli şahsyýetler bilen ilteşiklidigi, ony tankytlan syýasatçy Boris Nemtsowyň we žurnalist Anna Politkowskaýanyň öldürilmegi, şeýle hem Kadyrowyň ýurt daşyndaky terroristleri goldaýanlygy hakdaky gürrüňler barada durlup geçilýär.

Liberal oppozision syýasatçy Ýaşiniň raportynda 2013-nji ýylyň aprel aýynda asly çeçenistanly bolan iki dogan tarapyndan Bostonda marafon ýaryşyna edilen terroristik hüjümi orsýetli syýasatçylaryň aglabasynyň ýazgarandygy, Kadyrowyň bolsa hüjümi amala aşyranyň Amerikanyň howpsuzlyk gulluklarynyň özi bolmagy mümkin diýip açyk pikir ýöredendigi bellenýär.

Kadyrowyň "şahsy goşuny" baradaky bölümde bolsa Orsýetiň Ukraina gönükdirilen gizlin harby çozuşynda bu goşunyň möhüm rol oýnap, bu ýerde ep-esli söweş tejribesini gazanandygy aýdylýar.

“Parnas”

22-nji fewralda Ýaşin "http://juliawinston.eu/yashin_kadyrov/" saýtynda ýerleşdirilen interwýusynda özüniň bu raporty ýazmak kararyna 2015-nji ýylyň martynda, "Nemtsowyň öldürilmegi bilen Kadyrowyň gös-göni ilteşiklidigi ýüze çykanda", gelendigini aýtdy.

Kadyrow bilen ors prezidenti Wladimir Putiniň berk tankytçysy bolan Nemtsow 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda Moskwada atylyp öldürildi. Ors resmileri bu jenaýatda bäş sany demirgazyk kawkazlyny aýyplap, muny gurnan Kadyrowyň howpsuzlyk güýçleriniň esgeri Ruslan Muhudinow diýýärler.

22-nji fewralda Moskwanyň polisiýasy liberal "Parnas" koalisiýasynyň ofisini bu jaýda bomba goýlupdyr diýip jaň edildi diýip ýapdy, ýöne tapylan bomba bolmady. 23-nji fewralda Ýaşin şol ýerde öz raportyny jemgyýetçilige tanatmagy planlaşdyrypdy.

Ýaşin Moskwada geçiren metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: "Meniň raportymyň esasy maksady ors jemgyýetçiliginiň ünsüni bolýan wakalara çekmek we Ramzan Kadyrowyň Çeçenistanyň lideri hökmünde derrew wezipeden çekilmegini talap etmek. Wladimir Putin Demirgazyk Kawkazda sagatly bomba goýuldy. Onuň partlap, çynlakaý syýasy krizis netijesinde üçünji çeçen urşuna öwrülmegi mümkin".

XS
SM
MD
LG