Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” gepleşik baradaky planlardan ‘habarsyz’


"Talybanyň" Katardaky syýasy edarasynyň resmi sözçüsi Mohammad Naim.
"Talybanyň" Katardaky syýasy edarasynyň resmi sözçüsi Mohammad Naim.

Owgan "Talyban" hereketiniň Katardaky edarasy Azatlyk Radiosyna özüniň Kabuldaky hökümet bilen gös-göni parahatçylyk gepleşiklerine goşulmazdan öň Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa degişli ähli daşary ýurt güýçleriniň Owganystany terk etmegi baradaky talabynda berk durýandygyny habar berdi.

"Talybanyň" Katardaky syýasy edarasynyň resmi sözçüsi Mohammad Naim bu beýanaty Azatlyk Radiosynyň Erkin Owganystan gullugyna beren interwýusynda etdi. Ondan ozal parahatçylyk üçin göni gepleşikleri ýola goýmaga synanyşýan dört ýurduň wekillerinden durýan topar özleriniň gepleşikler mart aýynyň ilkinji hepdesinde Yslamabatda başlanar diýen pikirdediklerini aýdypdylar.

Owganystanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Birleşen Ştatlaryň wekillerinden ybarat "Dörttaraplaýyn koordinasiýa topary" diýip atlandyrylýan topar özleriniň bu pikirini 23-nji fewralda Kabulda duşuşanlaryndan soňra mälim etdiler.

"Basybalyjylar ýurdy terk edip...”

Ýöne şol gün, ýagny 23-njj fewralda giçlik maglumat beren Naim "gepleşik baradaky planlardan" hereketiň Katardaky edarasynyň habarsyzdygyny, onuň parahatçylyk prosesine goşulmak üçin öňünden bellän şertlerinde hiç bir zadyň üýtgemändigini bildirdi.

"Talyban" Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň içindäki çet ýurt güýçleriniň ählisi Owganystany terk etmese, özüniň Kabuldaky owgan hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerine goşulmajakdygyny köp wagt bäri aýdyp, bu talabyndan dänmän gelýär.

Dohada 23-nji ýanwardan 25-nji ýanwara çenli dowam eden maslahatda "Talyban" hereketiniň wekilleri bir beýannamada "basybalyjylar ýurdy terk edip, owgan halkyna öz ykbalyny özüniň kesgitlemegine mümkinçilik bermeli" diýdiler.

Ýanwar aýynda Dohada yglan edilen beýleki talaplar bolsa "Talybanyň" Katardaky syýasy edarasynyň resmi taýdan ykrar edilmegi, Birleşen Ştatlaryň "Talybany" terroristleriň gara sanawyndan çykarmagy, hereketiň söweşijileriniň "tutulyp, ýok edilmeginiň" bes edilmegi, şeýle hem onuň tussaglykdaky agzalarynyň boşadylmagy ýaly zatlary öz içine alýar.

“Daşary ýurt basybalyjylygy”

"Talyban" şeýle-de, Katardaky edaranyň formirleýşi ýaly, onuň garşysyna alnyp barylýan "zäherli propagandanyň" bes edilmegini talap edýär.

Ýanwar aýynyň aýagynda owgan hökümeti özüniň parahatçylyk gepleşiklerine girişilmegi üçin "Talybanyň" goýýan şertlerini kabul edip bilmejekdigini aýtdy.

Kabulyň aýtmagyna görä, gepleşikler Dörttaraplaýyn koordinasiýa toparynyň kararlary bilen utgaşyklykda ilerlemeli.

Owganystanyň "Ýokary parahatçylyk geňeşi" hem hökümet tarapyndan gepleşik geçirýänler bilen owgan "Talyban" hereketiniň wekilleri oturyşyp, ýüzbe-ýüz gürleşmese, parahatçylyk prosesinde ilerleýiş bolmaz diýip duýdurdy.

Naim ýanwar aýynda "Talybanyň" deslapky şertlerini gaýtalasa-da, 23-nji fewralda Azatlyk Radiosyna “Talybanyň” "daşary ýurt basybalyjylygynyň soňuna çykyp, ýurda yslam hökümetini getirjek gepleşiklere gatnaşjakdygyny" aýtdy.

"Talybanyň" käbir delegatlary 2015-nji ýylyň tomsunda parahatçylyk gepleşikleriniň başky tapgyry üçin Yslamabatda owgan resmileri bilen duşuşdylar.

Ýöne "Talyban" hereketiniň düýbüni tutan we onuň ruhany lideri Molla Mohammad Omaryň iki ýyldan gowrak mundan ozal aradan çykanlygy mälim bolansoň, başlangyç parahatçylyk prosesi togtady.

Şondan soň "Talybanyň" bäsdeş toparlarynyň arasynda güýç-gudrat ugrunda jeň turup, bäsdeş meýdan serkerdeleri özleriniň dürli ýolbaşçylara ygrarlydyklaryny aýan etdiler.

"Talybanyň" Katardaky edarasy özüniň Owganystanyň parahatçylyk gepleşiklerine wekilçilik edip biljek ýeke-täk "ygtyýarly we jogapkär guramadygyny" aýdýar.

XS
SM
MD
LG