Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trump, Klinton deslapky saýlawlarda ýeňiş gazandy


Trump, Klinton deslapky saýlawlarda ýeňiş gazandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:18 0:00

Trump, Klinton deslapky saýlawlarda ýeňiş gazandy

Häzirki netijeleriň görkezmegine görä, 2016-njy ýylyň saýlaw kampaniýasynda ses berişlik üçin iň möhüm gün hasaplanýan "super sişenbede" deslapky saýlawlarda ýeňiş gazananlar respublikanlardan Donald Trump, demokratlardan hem Hillary Klinton.

"CNN", "Fox News" we beýleki telekanallaryň bildirmegine görä, Trump bilen Klinton Amerikanyň on iki ştatynyň ýedisinde sesleriň köplügini alyp, beýlekilerden üstün çykdylar.

Trumpyň deslapky saýlawlarda ýeňiş gazanan ştatlary Alabama, Jorjiýa, Massaçusets, Wirjiniýa, Arkanzas, Wermont we Tennessi. Klinton hem demokratlaryň deslapky saýlawlarynda Alabamada, Jorjiýada, Tennesside, Tehasda, Arkanzasda, şeýle hem Massaçusetsde we Wirjiniýada ýeňiş gazandy.

Respublikanlaryň arasynda Trumpyň bäsdeşi senator Ted Kruz Tehasda, şeýle hem Oklahoma bilen Alýaska ştatynda sesleriň köplügini aldy.

“Edilýän synanyşyk ýalňyş”

Klintonyň bäsdeşi Berni Sanders Wermontda, Oklahomada we Koloradoda üstün çykdy.

"Super sişenbede" ştatlaryň ýarpysynda ýeňiş gazanan Klintonyň umumy saýlawlara goşulyp, Trump bilen güýç synanyşmagy ähtimal.

Ol Maýamide öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda kampaniýada ulanylan ritorika salgylanyp, şeýle diýdi: "Amerikany biz bilen olaryň arasynda bölüşmäge edilýän synanyşyk ýalňyş, biz muňa ýol bermeris".

Trump respublikanlar tarapyndan kandidat bolup, prezidentlik saýlawyna gatnaşjaga meňzeýär. Ol Klinton barada “Ol öňki senator, döwlet sekretary we prezidentiň aýaly hökmünde syýasy karýera ukyply, ol Waşingtondaky problemalary döreden” diýdi.

Klinton adaty kandidat bolup, öz partiýasynyň güýjüne, şeýle-de azlyklaryň we beýlekileriň berjek seslerine daýanýar.

“Birleşdiriji”

Trump respublikanlaryň ýokary syýasy toparyna garşylyk görkezmek bilen olaryň isleg-arzuwlaryna we öwüt-ündewlerine üns bermän, beýleki dalaşgärleriň arasynda öňe saýlandy.

Respublikan partiýada ileri tutulýan Marko Rubio "CBS" telekanalyna şeýle diýdi: "Donalt Trumpyň respublikanlaryň kandidatlygyny gazanmagy ”Respublikan partiýasyny” böler, meniň pikirimçe, esasan, respublikan hereketini böler".

Emma Trump özüne "birleşdiriji" diýip, partiýanyň hataryna täze saýlawçylary getirendigini aýdýar. Ol Waşingtondan nägile saýlawçylaryň gorkusyny, olaryň terrorizm, immigrasiýa we haýal ösýän ykdysadyýet baradaky aladalaryny beýan etmek bilen adamlary özüne çekdi.

Prezidentlik saýlawlaryna kandidat bellemek üçin ştatma-ştat geçýän deslapky ses berişlikde "super sişenbe" iň möhüm gün bolup durýar. Ses berişlik gündogar ştatlardan başlap, Tehasa, Minnesota we Alýaska çenli uzalyp gidýär.

XS
SM
MD
LG