Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Respublikanlaryň 60 baýry agzasy Trumpa garşy çykýar


Donald Trump.
Donald Trump.

ABŞ-nyň “Respublikan” partiýasynyň agzalaryndan baýry hökümet işgärlerinden we alymlardan ybarat 60 töweregi ekspert, öňümizdäki saýlawlarda bu partiýanyň adyndan prezidentlige dalaşgär bolmaga dyrjaşýan Donald Trumpyň garşysyna herekete geçdiler.

Agzalýan topar Trumpyň alyp barjak syýasatynyň ýurduň howpsuzlygyna wehim saljakdygyny aýdýarlar.

“Daşa garşy söweş” ady bilen 3-nji martda köpçülige ýetirilen bu hatyň aşagynda gol goýanlaryň arasynda Bütindünýä Bankynyň ozalky prezidenti Robert Zoellick, ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk boýunça öňki sekretary Michael Chertoff ýaly weteran ýolbaşçylar bar.

Olar beýleki zatlar bilen birlikde Trumpyň musulmanlara garşy ýaýradan beýanatyny, şeýle-de Meksika bilen ABŞ-nyň arasyndaky serhedi diwar bilen ýapjakdygy baradaky jedelli pikirlerini doly ret edýärler.

Jemgyýetçilige ýetirlen hat

“Respublikan” partiýasynyň wepaly agzalary hökmünde biz Trumpyň partiýamyzyň adyndan prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagyna asla razy däl. Biz prezident edarasynda agzalalyga sebäp boljak bu adamynyň kandidaturasyna garşy göreşmegi planlaşdyrýarys” diýlip, 3-nji martda çap edilen hatda nygtalýar.

Bu hat Donald Trumpyň “Respublikan” partiýadan prezidentlige dalaşgär bolmak ugrundaky tagallasynda nobatdaky uly synagdan üstünlikli geçmeginiň yzysüre jemgyýetçiligiň dykgatyna ýetirildi. Munuň öňüsyrasy, ýagny “Super sişenbe” diýlip atlandyrylýan deslapky saýlawlarda Trump ýedi ştatda üstünlik gazandy.

Agzalýan hat “Respublikan” partiýasynda dörän bölünişigi görkezýär. Çünki bu hata gol goýanlaryň arasynda, öňki döwlet sekretarlary Kondaliza Raýsyň (Condaleeza Rice) we Kolin Poweliň (Colin Powel) we milli howpsuzlyk boýunça öňki maslahatçy Stefan Hadlynyň (Stephan Hadly) atlary ýok.

Alymlar

“Daşa garşy söweş” atly bloguň dolandyryjylary bu bloguň halkara derejede bolup geçýän wakalara dogruçyl baha bermek üçin döredilen we öňki diplomatlary, harby serkerdeleri, Aňtaw gullugynyň işgärlerini we alymlardan ybarat platformadygyny aýdýarlar.

“Jenap Trumpyň öz beýanatlaryndan çen tutsak, onuň prezident hökmünde öz ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp ätjek ädimleriniň ýurduň howpsuzlygyny gowşatjakdygyna ynanýarys, bu ýagdaý biziň ýurdumyzyň halkara derejesindäki abyraýyna ýaramaz täsir ýetirer” diýlip hatda aýdylýar.

ABŞ-nyň daşynda ýaşaýan alymlaryň aglabasy hem agzalýan hatda öňe sürülýän şeýle pikirler bilen ylalaşýarlar. Žurnalist Martin Wolf “Financial Times” gazetinde çap edilen makalasynda Trumpyň prezident wezipesine saýlanmagynyň betbagtçylyk boljakdygyny belleýär.

Häzirki ses berişliklerde ABŞ-da şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna “Respublikan” partiýasynyň hem-de “Demokratik” partiýanyň adyndan gatnaşmaly kandidatlar seçilýär.

XS
SM
MD
LG