Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrandaky saýlawlar we türkmenler


Eýran türkmenleri.
Eýran türkmenleri.

Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyndan soň bu ýurtda 26-njy fewralda geçirilen saýlawlaryň netijesine örän möhüm waka hökmünde garalýar. Sebäbi, agzalýan saýlawlaryň netijesi prezident Rohaniniň aram syýasatynyň halk tarapyndan goldanylandygyny görkezdi.

Eýse, mundan ozalky saýlawlar bilen deňeşdirlende, häzirki ses berlişigiň netijesi Eranyň etniki türkmenleriniň nukdaýnazaryndan nähili boldy? Olar gazanylan netijeden razymy? Saýlawlaryň netijesi Eýrandaky türkmenleriň durmuşyna we geljekdäki planlaryna nähili täsir eder?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda golaýda netijeleri aýan edilen Eýrandaky saýlawlara ol ýurtda ýaşaýan etniki türkmenleriň nukdaý-nazaryndan garamagy göz öňünde tutýar.

Gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip biler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG