Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus bankiri 'içalydygyny' boýun aldy


Ýewgeniý Burýakow sud mahalynda, Nýu-Ýork, 26-njy ýanwar, 2015.
Ýewgeniý Burýakow sud mahalynda, Nýu-Ýork, 26-njy ýanwar, 2015.

Birleşen Ştatlarda içalyçylyk toparyna gatnaşmakda aýyplanan rus bankiri özüniň dil düwüşmekde günälidigini aýtdy.

Ýewgeniý Burýakow 11-nji martda, Birleşen Ştatlarda daşary ýurt agenti hökmünde hasaba durmazdan, agent hökmünde hereket etmek barada beýlekiler bilen dil düwüşendigi üçin günäkärdigini aýtdy.

Prokurorlar onuň 2012-nji ýyldan 2015-nji ýylyň ýanwary aralygynda diplomatlar bilen goşulyşyp, ABŞ-nyň rus banklaryna garşy potensial sanksiýalaryna we Birleşen Ştatlaryň alternatiw energiýa serişdelerini öndürmek tagallalaryna degişli ynjyk ykdysady maglumatlary toplamaga synanyşandygyny aýdýarlar.

Burýakow mundan öň dil düwüşmek we beýleki aýyplamalar boýunça günäsini boýun almandy.

Ol 25-nji maýa bellenen suda senli gözenegiň arkasynda galar.

XS
SM
MD
LG