Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NASA-nyň alymy: 'Marsa üç günde baryp bolar'


Arhiwden alnan surat.
Arhiwden alnan surat.

Ýüz ýyl mundan owal ilkinji transatlantik uçuş üçin 23 gün wagt gerek bolupdy. Mars planetasyna uçmak üçin hem ýakyn geljekde bize takmynan şonça wagt gerek bolar. Munuň üçin lazer tehnologiýasynyň hasam kämilleşdirilmegi gerek.

“usatoday.com internet sahypasyndaky makalada NASA-nyň alymy Philip Lubiniň aýdan sözlerine görä, ýangyç bilen işleýän raketa ulgamy foton bilen işleýän ulgama çalşylanda, kosmosdaky syýahatlaryň möhletini belli-külli gysgaldyp bolar.

Alymyň düşündirişine görä, Yeriň orbitasynda lazerden aýrylan şöhle bölejikleri Ýeriň emeli hemrasynyň üstündäki "ullakan şekillendiriş ýelkene" iberilip, has hem ýokary tizlik döretse bolar. Bu ýagdaý hem kosmos gämisiniň çakdanaşa tizlige eýe bolmagyna we barjak ýerine gysga möhletde ýetmegine mümkinçilik berer.

Amerikaly fizik Philip Lubiniň teklip eden ulgamy, raketanyň motoryndaky himiki reaksiýalara däl-de, raketanyň tizligini elektromagnit ulgamy bilen ýokarlandyrmaga esaslanýar. Ýangyçdan mätäçlik çekmejegi üçin raketanyň tizligi diýseň ýokarlanar. Alymyň düşündirişine görä "häzirki bar bolan raketa motorynyň tizligi himiki reaksiýanyň tizligine bagly bolýan bolsa, onda elektromagnit ulgam bilen tizligi ýokarlandyran halatymyzdaky tizlik diňe beriljek şöhläniň tizligi bilen çäklendiriler".

Lubiniň aýtmagyna görä, onuň raketa motoryna "diýseň güýçli şöhle çeşmesi" gerek bolar. Alym has jikme-jik maglumatlary aýan etmezden, bu ýagdaýy şeýle düşündirýär: ýagny, onuň ulgamynda güýçli geçirijilik häsiýetine eýe bolan magnit halkalardan peýdalanylar. Lubiniň hasaplamagyna görä, 220 kilogramlyk zond Mars planetasyna 72 sagatda, ýagny 3 günde baryp biler. Ýöne, has uly we üsti uçarmanly kosmos gämisiniň Marsa barmagy bir aýa çekip biler.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, häzirki döwürde ulanylýan ulgam bilen adamyny Marsa diňe 5 aýda eltip bolýar. Lubin bolsa has fantastiki pikirleri öňe sürýär. Onuň aýtmagyna görä, "foton raketa motory" Gün sistemasynyň çäklerinden daşary çykmak üçin hem uly mümkinçilikleri döreder.

XS
SM
MD
LG