Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleri: Nowruzda näme üýtgedi?


"Türkmen ýaýlasynda" geçirilýän Nowruz çäresi
"Türkmen ýaýlasynda" geçirilýän Nowruz çäresi

Nowruz dünýäde, şol sanda Türkmenistanda bellenilýän iň esasy baýramçylyklardan biri, ol her ýylyň 21-nji martyna gabat gelýär.

Eýse, globallaşýan döwür Nowruz baýramynyň bellenilşine, onuň däp-dessurlaryna nähili täsirini ýetirdi? Häzirki döwürde bellenilýän Nowruz baýramynda owalkylara görä nähili tapawutlar bar? Dünýä türkmenleriniň arasynda unudylan, ýatdan çykyp barýan ýa-da täze dörän nowruz adatlary nämeler? Dünýä türkmenleri bu gezek Nowruz baýramyny nähili bellediler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Nowruz baýramçylygyna, däplerine we globallaşýan dünýädäki ýagdaýyna gönükdirýär. Gepleşige gatnaşyp pikirdir-teklipleriňiz bilen öz Nowruz däpleriňizi hem dünýä türkmenlerine ýetirip bilersiňiz.

Gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip biler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG