Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Aklawçy öli tapyldy


Anatoliý Matios, Ukrainanyň baş harby prokurory
Anatoliý Matios, Ukrainanyň baş harby prokurory

Ukrain sudunda rus harby gullukçysyna wekilçilik edýän aklawçy taşlanan fermada jaýlanan görnüşde tapyldy diýip, ukrain häkimiýetleri 25-nji martda aýtdylar.

Ukrainanyň baş harby prokurory Anatoliý Matios Ýuriý Hrabowskiniň ölümi bilen bagly iki adamyň tussag edilendigini, olaryň biriniň eden işini boýun alyp, polisiýa jesediň gömlen ýerini görkezendigini habar berdi.

Matios Hrabowskiniň şu aýyň başynda derman berlip, Kiýewde alnyp gaçylandygyny, soňra Odessa eltilip, soňky gezek şol ýerde görlendigini aýtdy.

Ol soň paýtagtdan 150 kilometr çemesi günorta äkidilip, atylyp öldürilipdir.

XS
SM
MD
LG