Siriýanyň resmileri gadymy Palmira şäherinde “Yslam döwleti” ekstremist topary tarapyndan goýlan 150 sany bombanyň ýok edilendigini aýtdylar.
Siriýanyň gadymy miras we muzeýler boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Maamoun Abdul-Karimyň 29-njy martda “Frans Press” agentligine (AFP) aýtmagyna görä, iki günläp Palmirada işlän tehniki topar Damaska dolanypdyr.
Siriýanyň goşunlary üç hepde dowam eden güýçli söweşlerden soň Palmirany 27-nji martda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň elinden gaýdyp alypdy.
Abdul-Karim Palmiranyň 10 aýlap “Yslam döwleti” toparynyň elinde bolmagyndan soň muzeýiň içinde ençeme heýkeliň ýok edilendigini aýtdy. Ol tehniki toparyň käbir taryhy ýerlere, şol sanda gonamçylyklara baryp bilmändigini, goýlan “ýüzlerçe minanyň” muňa sebäp bolandygyny aýtdy.
Siriýanyň döwlet mediasy Palmiradan gündogar tarapda söweş uçarlarynyň “Yslam döwleti” toparynyň ençeme ulagyny oka tutandygyny habar berdi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?