Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 'FIFA 2018' bäsdeşliginden çykdy


Türkmen futbolçylary
Türkmen futbolçylary

Türkmenistanyň ýygyndy komandasy futbol boýunça dünýä çempionatynyň Orsýetde we Aziýada "FIFA 2018" bäsdeşligine gatnaşmak ugrunda saýlama bäsdeşliginiň çäginde 29-njy martda Hindistan bilen duşuşygynda 2:1 hasap bilen utdy, emma dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň üçünji tapgyryna geçip bilmedi.

“D” toparynda ýaryşan Türkmenistan jemi 13 bal toplap, tablisada üçünji setirde ýerleşdirildi. Birinji setirde Eýran, ikinji setirde Oman barýar.

Türkmenistanyň we Hindistanyň futbolçylary 29-njy martda Hindistanyň “Jawaharlar Neru” stadionynda duşuşdylar.

Tapgyrlaýyň ýaryşlaryň çäginde 39 sany futbol komandasynyň gatnaşmagynda jemi 150 çemesi duşuşyk geçirildi.

Türkmenistan “D” toparynyň düzüminde geçen ýylyň dowamynda Guam, Eýran, Oman we Hindistan bilen ýaryşdy.

XS
SM
MD
LG