Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gepleşikler däl-de, raketalar möhüm"


Eýranyň ruhy lideri aýatolla Ali Hameneýi
Eýranyň ruhy lideri aýatolla Ali Hameneýi

Eýranyň ruhy lideri aýatolla Ali Hameneýiniň aýtmagyna görä, Eýranyň geljegi üçin has möhüm zat gepleşikler däl-de, raketalar.

30-njy martda Hameneýiniň resmi websaýtynda ýerleşdirilen bu beýanat günbatar döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşini Eýranyň golaýda geçiren ballistik raketa synaglaryna jogap hökmünde mümkin bolan hereketlere geçmäge çagyrýan wagtyna gabat gelýär.

Websaýtda ýurduň ýolbaşçysyna salgylanylyp: "Geljek raketadarda däl-de, gepleşiklerde diýýänler ýa nadan, ýa-da dönük" diýilýär.

Hameneýi bu aýdaýanlaryny Eýranyň belli bir derejede aram hasaplanylýan syýasy ýaranlygynyň başlygy, öňki prezident Akbar Haşemi Rafsanjana gönükdirýän bolmagy mümkin. Sebäbi Rafsanjany öten hepde bir tweetde "geljek raketalarda däl, dialogda" diýip ýazdy.

Hemeneýi şeýle hem özüniň Eýranyň konserwatiw ugurly "Yslam rewoluýsiýasynyň sakçylary" tarapyndan ballistik raketalary ösdürmek boýunça edilýän tagallalary goldamaga taýyndygny duýdurdy.

Ol: "Yslam respublikasy goranara güýji bolman, gepleşiklere ymtylsa, onda ol her bir gowşak ýurtdan abanýan howpuň öňünde dyza çöker" diýdi.

2015-nji ýylyň iýul aýynda dünýäniň güýçli döwletleri bilen gelnen ýadro ylalaşygyny Hameneýi oňlady. Ýöne ol bu geleşik Günbatar bilen giň gerimli dostlukly gatnaşyklary dikeltmäge getirmez, Eýran özüniň adaty harby potensialyny ösdürmeli diýen pikirinden dänenok.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Moon 30-nji martda Eýranyň raketa synaglaryny geçirmeginiň aladalara sebäp bolandygyny belläp, nähili sanksiýalaryň ýa nähli çäreleriň görülmelidigi barada karara gelmek bu guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň işi diýdi.

Alty güýçli döwlet - Birleşen Ştatlar, Hytaý, Britaniýa, Orsýet, Fransiýa we Germaniýa - bilen baglaşylan geleşikde Tähran ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply ballistik raketalary edinmekden saklanmga çagyrylýar.

Üstümizdäki hepde Birleşen Ştatlar, Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa Eýranyň orta aralykly "Şahab-3" we gysga aralykly "Kyýam-1" raketasynyň synaglary Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna ters diýip, nägilelik bildirdiler.

Bu dört dowlet tarapyndan Howpsuzlyk Geňeşine iberilen raportda Eýranyň ballistik raketa synaglary "durnuksyzlandyryjy hem prowokatiw", sebäbi bu raketalar "umuman, ýadro ýaraglaryny daşamaga ukyply" diýilýär.

Eýran bolsa öz raketalarynyň ýadro ýaraglaryny götermäge niýetlenendigini inkär edýär. Rewolýusiýa sakçylary synaglary ýurduň ýadro ýaragyna daýanmaýan goranyş güýjüni görkezmek üçin edilýän zat diýip suratlandyrýar.

Eýranyň raketa synaglaryna garşy Birleşen Milletler Guramasynyň Howpuzlyk Geňeşi herekete geçer diýen umydy Orsýet gowşatdy.

14-nji martda Howpsuzlyk Geňeşinde Eýranyň raketa synaglaryna degişli mesele gozgalanda, Orsýet synaglar 2015-nji ýylyň rezolýusiýasyna ters däl, sebäbi "çagyryş" hökmany talap däl diýdi.

30-nji martda hem Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk we ýaraglara kontrollyk bölüminiň direktory Mihail Ulýanow Eýranyň tutumyny gorady.

Ulýanow Moskwa Eýranyň ballistik raketalarynyň ýadro ýaraglaryny götermäge ukyplydygyny görkezýän subutnama görenok diýdi.

Kreml 31-nji martda Waşingtonda geçjek Ýadro howpsuzlygy boýunça sammite delagasiýa ibermekden boýun gaçyrmak bilen-de Günbataryň Eýranyň ballistik raketalaryň synaglaryna degişli işlere gatyşmak niýetini gowşatdy.

XS
SM
MD
LG