Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (c) we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jean-Klaude Junker (s), Brussel, 30-njy mart, 2016
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (c) we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jean-Klaude Junker (s), Brussel, 30-njy mart, 2016

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) we Gazagystanyň arasynda dekabr aýynda ylalaşylan şertnamanyň güýje girmeginden soň 1-nji maýdan başlap has ýakyn ykdysady hyzmatdaşlyk etjekdigini ýokary derejeli resmiler 30-njy martda aýtdylar.

Öňki sowet respublikasy Gazagystan hem Ýewropa Bileleşigi, hem-de Orsýet bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmaga çalyşýar. Bu taraplaryň arasyndaky gatnaşyklar Ukrainadaky konflikt zerarly ýaramazlaşypdy. Gazagystanyň ykdysadyýeti goňşularyna garaşly bolup durýar.

Gazagystanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda dekabr aýynda baglaşylan ylalaşygyň wagtlaýynça 1-nji maýda güýje girizilip başlanjakdygyny aýtdy, diýip Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donald Tusk 30-njy martda gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň Brussele saparynyň dowamynda aýtdy.

Nazarbaýew ÝB-niň Gazagystanyň örän möhüm partnýorydygyny belledi.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jean-Klaude Junker özüniň Nazarbaýew bilen duşuşygynda adam hukuklary hem kanunyň hökmurowanlygy bilen bagly problemalary gozgandygyny we ýurduň reformalary wada berendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG