Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp NATO «möwritini geçirdi» diýýär


 Donald Tramp
Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidentligi ugrunda dalaş edýän Donald Tramp özüniň NATO ýaranlygy baradaky tankydyny gaýtalap, 28 agzaly birleşigiň «möwritini geçirendigini» aýtdy.

8-nji noýabrda geçjek prezident saýlawlaryna respublikanlaryň kandidaty bolmagyň öň hatarynda barýan Tramp 2-nji aprelde Wiskonsinde çykyş edip, NATO-nyň beýleki agzalary «öz paýlaryny adalatly tölemeýär» diýdi.

«Ýa doly tölemeli, şol sanda öňki ýetmezleri dolmaly, ýa-da olar agzalykdan çykmaly» diýip, Tramp aýtdy. «Eger bu NATO-ny dargydýan bolsa, goý, NATO dargasyn» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gozganmaýan emläk tütjary Saud Arabystany ABŞ-nyň özüni goraýandygy we berýän harby goldawy üçin bize «adalatly hak tölemeýär» diýdi.

NATO ýaranlygy barada öňki aýdan tankydy pikirleri ABŞ-da we dünýäde alada döreden hem bolsa, Tramp Wiskonsinde NATO-ny «30 ýyllap» öwrenen köp ekspertiň öz aýdýanlary bilen ylalaşyp başlandygyny aýtdy.

Emma ol kimleri göz öňünde tutýandygyny welin aýtmady.

XS
SM
MD
LG