Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​'WhatsApp'-da indi teksti dürli görnüşde ýazyp bolýar


"Whatsapp" tilsimi.
"Whatsapp" tilsimi.

“WhatsApp” tilsimi öz ulanyjylaryna indiden beýläk ýogyn, inçejik harplar bilen, tekstleri aşagy çyzylan ýa-da owadanlanan görnüşde dürli hili hat bilen ýazmaga mümkinçilik döredýär.

“WhatsApp” ençe günden bäri öz hatlaryny dürli görnüşde ýazmak isleýänler üçin synag geçirýär.

"The Telegraph" gazetiniň habaryna görä, bu täzelik indi doly hyzmata girizilipdir.

Bu ulgamda indi dürli görnüşdäki hatlary ýazmak mümkin, ýöne diňe käbir bellikleriň kömegi bilen. Nähili görnüşde hat ýazmak isleýän bolsaň, sözüň başynda we ahyrynda käbir bellikleri goýmaly.

Haty has goýy hem ýogyn görnüşde ýazmak üçin ýyldyz belliginden peýdalanmaly. (*bold*)

Inçe hili hat ýazmak üçin bolsa sözüň başynda we ahyrynda etekçyzyk goýmaly (*_italics_*)

Hatyň üstünden çyzyk çekmek isleýänler bolsa tolkun belliginden peýdalanmaly. (~tilde~)

Harplary ýogyn hem gyýa ýazmak üçin bolsa sözüň başynda we ahyrynda etekçyzyk bilen ýyldyz belligi ulanylmaly. ( _*bolt italics*_ )

XS
SM
MD
LG