Habarlar gündeligi – 13-nji aprel, 2016 ý.
Şu günki programmamyzda: Siriýadaky raýat urşuny soňlamak üçin Ženewada ýene bir gepleşik geçirilýär; Owgan hökümeti we «Talyban» bir-birine garşy ýaz hüjümleriniň başlanandygyny yglan etdi; Owgan deputaty özi bilen söhbetdeşlik geçirýän žurnaliste jynsy zorluk haýbatyny atdy, HWF Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň geçen ýyl 6.5 % bolanlygyndan bu ýyl 4.3% boljagyny çaklaýar; Aşgabatda dükan eýeleriniň doly elektron hasaplaşyga geçmegi talap edilýär we beýleki täzelikleri diňläp bilersiňiz.