Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa içinden çaýkanýar


Özbek howpsuzlyk gullugynyň agzalary
Özbek howpsuzlyk gullugynyň agzalary

“Freedom House” guramasynyň ýakynda çap eden hasabatynda Ýewropanyň mingrant krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Merkezi Aziýanyň hem dürli ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigi nygtalýar.

“Geçişdäki döwletler” atly hasabatda bu ýagdaýlaryň tutuş regionyň durnuklylygyna we howpsuzlygyna wehim salýandygy we olaryň çözgüdiniň hem gaty çylşyrymlydygy aýdylýar.

Şunlukda, Merkezi Aziýa bagyşlanyp taýýarlanylýan “Mejlis” atly hepdelik gepleşigimiziň bu sanyny “Freedom House” guramasy bilen bilelikde taýýarlap, şol hasabatda orta atylan pikirleri aýdyňlaşdyrmaga synanyşýarys.

Mejlisiň myhmanlary:

Nate Schenkkan: “Freedom House” guramasynyň “Geçişdäki döwletler” proýektiniň direktory;

Erward Lemon: “Geçişdäki döwletler” atly hasabatyň Täjigistana bagyşlanan bölüminiň awtory;

Bruce Pannier: Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meselelerine bagyşlanan “Qişloq Ovozi” blogunyň redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Merkezi Aziýa içinden çaýkanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG