Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen-gazak serhedinde türkmenistanly raýat tussag edildi


Gazagystandan Türkmenistana bikanun çilim geçirmäge synanyşan türkmenistanly raýat tussag edildi diýip, Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk komitetiniň Serhet gullugy habar berýär.

15-nji aprelde gazak Serhet gullugynyň websaýtynda çap edilen maglumatda “Atyrau sebitindäki Temir-baba serhet geçelgesinde Gazagystandan Türkmenistana “Toyota Runner” kysymly awtomobilde sapar edýän 29 ýaşly türkmen raýaty tussag edildi” diýilýär. Emma tussag edilen türkmen raýatynyň şahsyýeti barada maglumat berilmeýär.

Şeýle-de, maglumatda döwlet serhet geçelgesindäki barlaglar döwründe awtomobiliň ätiýaçlyk tekerinden “Imperial classic” markaly 33 blok çilimiň ele salnandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG