Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nebitiň bahasy geçen iki aýyň içinde iň pes derejesine ýetdi


Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak.
Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak.

Nebitiň bahasyny ýokarlandyrmak maksady bilen öndürilýän mukdary çäklendirmek barada geçen duşuşykda ylalaşyga gelinmändigi sebäpli 18-nji aprelde nebitiň bahasy aşaklap, geçen iki aýyň içinde özüniň iň pes derejesine ýetdi.

Öňünden satyn alynýan nebitiň bahasy Nýu-Ýorkda 6.8 prosent pese gaçyp, bir barreli 37.61 dollara geldi.

Orsýetiň aksiýa bazarlary hem, Moskwanyň RTS indeksiniň görkezmegine görä, dört prosentden-de köp aşaklady. Orsýetiň puly rubl dollaryň we ýewronyň garşylygynda üç prosent töweregi öz hümmetini ýitirdi.

17-nji aprelde Katarda geçen duşuşyga Orsýet bilen birlikde Nebit eksportirleýän ýurtlar guramasy OPEK-e agza döwletleriň aglabasy gatnaşdylar. Duşuşyga Eýran gatnaşmady.

Eýran öndürýän nebitiniň mukdaryny artdyrmak isleýär

Ençeme sagada çeken gepleşiklerden soň Kataryň energiýa ministri Mohammad bin Saleh al-Sada: "Bize OPEK guramasyndaky we bu guramada durmaýan öndürijiler bolup, öz aramyzda geňeşmek üçin köpräk wagt gerek. Gelnen umumy netije şu" diýdi.

Dünýäniň iň uly nebit eksportirleýjisi bolan Saud Arabystany nebit öndürilişini çäklendirmek boýunça gelnen karary, ol karar nähili bolsa-da, "OPEK" guramasyna agza döwletleriň hemmesi ýerine ýetirmeli diýýär.

Ýöne bu guramanyň agzasy Eýran özüniň öndürýän nebit mukdaryny Tähranyň ýadro programmasy sebäpli girizilen sanksiýalardan öňki derejesine deňeç çäklendirmejekdigini aýdýar.

Dünýäniň güýçli döwletleri bilen ýadro ylalaşygyna gelinmegi netijesinde bu sanksiýalar ýatyryldy. Şol sebäpden Eýran indi öndürýän nebitiniň mukdaryny günde bir million barrele ýetirmek isleýär.

"Gyzma çekişmelere"

Kataryň energiýa ministri OPEK-de durýan ýurtlar iýun aýynda Wenada duşuşyp, önümçiligi çäklendirmek mümkinçilikleri hakda pikir alşarlar diýdi: "Biz önümçiligi çäklendirmek we onuň näme netijelere getirip biljekdigi babatda hemmetaraplaýyn pikir alyşdyk. Duşuşykda indiki maslahat üçin biziň hemmämize wagt gerek diýen netijä gelindi. Şu wagtdan başlap, guramanyň öňümizdäki iýun aýynda geçjek duşuşygyna çenli agza ýurtlaryň hemmesi öz aralarynda, şeýle hem beýlekiler bilen pikir alşarlar."

Ýöne ministr ýagdaýa umytly garaýar: "Dünýä bazarlarynda nebitiň bahasy dogry ugra gönükdi. Ol näçe wagtyň dowamynda durnuklylyga ýetip biler, muny göreris, ýöne ol dogry ugra barýar" diýip Sada aýtdy.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak 17-nji aprelde maslahatdaky "gyzma çekişmelere" we "Eýranyň tutumyna " salgylanyp, Kremliň önümçiligi çäklendirmekde ylalaşylar diýen umytda däldigini aýdypdy.

Nowak Moskwa "OPEK" guramasyna agza döwletleriň tutumyny üns bilen yzlar, "olar ylalaşyp bilýärmi ýa bilenok, şony görer. Nebit önümçiligini çäklendirmäge olaryň ählisi goşulmaly" diýdi.

Nebit öndürmekde Saud Arabystany bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan soň dünýäde üçünji orunda durýan Orsýet "OPEK" guramasyna agza däl.

XS
SM
MD
LG