Ymambaba demirýol stansiýasy Mary-Serhetabat demir ýolunyň ugrundaky iri stansiýalaryň biridir. Bu demirýoluň iki tarapynda hem ilatyň ýaşaýandygyna garamazdan, bu ýerde pyýadalara niýetlenen geçelgeler göz öňünde tutulmandyr. Azatlyk Radiosy Ymambaba demirýol stansiýasy barada fotosergi taýýarlady.
Ymambabanyň demirýol stansiýasy

1
Bu demirýol stansiýasy Mary welaýatynyň Ymambaba obasynyň çäklerinde ýerlerşýär. Ymambaba stansiýasynyň esasy binasynyň geçen asyryň ortalaryna gurlandygy aýdylýar. Ýerli ýaşaýjylar şondan bäri bu binanyň diňe daşynda timarlaýyş, abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini aýdýarlar.

2
Bu ýerden geçýän demirýoluň iki tarapynda hem oba ilatynyň ýaşaýandygy habar berilýär.

3
Emma muňa garamazdan, bu ýerde pyýadalaryň geçmegi üçin niýetlenen ýörite geçelgeleriň ýokdugy aýdylýar.

4
Ymambaba stansiýasynyň golaýynda goparlan demirýol relslerini hem-de beýleki enjamlary görse bolýar. Ýerli ýaşaýjylar stansiýanyň golaýyndaky beýleki demirýol stansiýalary ýapylandan soň, ondan galan demir galyndylarynyň bu ýere zyňylandygyny aýdýarlar.