Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Syýasy progres üçin ok atyşygy ýatyrmaly


Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wadym Prystaiko.
Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wadym Prystaiko.

Ukraina Birleşen Milletler Guramasynyň Geňeşine ýurduň gündogarynda iki ýyl bäri dowam edýän konfliktiň soňuna ýetmek dogrusynda syýasy öňe gidişlik gazanylmazdan öň, separatistler bilen ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýçlendirilmelidigini aýtdy.

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wadym Prystaiko şu hepdäniň ahyrynda belleniljek prawoslawlaryň pasha baýramçylygynyň soňky aýlarda artan ýowuzlykdan soň, parahatçylygyň güýçlenmegine mümkinçilik döretmegi mümkin diýdi.

“Eger biz şu mesele bilen başlap bilsek, soňra biz harby güýçleri çykarmak we beýleki problemalary çözmek barada öňe gidişlik gazanyp bileris” diýip, 28-nji aprelde Prystaiko BMG-niň geňeşinde aýtdy.

Bu geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri -BMG-niň Ukraina babatynda geçiren ilkinji geňeşidir.

Ukraina BMG-niň geňeşinde ýurduň gündogaryndaky Donetsk regionynda ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň bozulmagyny maslahat etmegi sorady.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gözegçileri Ukrainanyň gündogaryndaky çaknyşyklaryň soňky hepdelerde alada döredýän derejä ýetendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG