Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispan sudy Orsýetiň 'jenaýatçy' resmileriniň sanawyny düzdi


Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maliýe komitetiniň başlygynyň orunbasary Wladislaw Reznik
Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maliýe komitetiniň başlygynyň orunbasary Wladislaw Reznik

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine ýakyn syýasatçylar we öňki hökümet resmileri Orsýetiň iki sany guramaçylykly jenaýat toparlarynyň agasy bolmakda güman edilýänleriň we Ispaniýanyň sudy tarapyndan çap edilen gözleg sanawyna girizilenleriň arasynda agzaldy.

Putiniň daşyndaky topara degişli we Ispaniýaly sudýa De La Matanyň yglan eden şahsyýetleriniň arasynda Orsýetiň kanuny goraýjy, sud, ykdysady, bank we harby ugurlaryna degişli häziki we öňki ýokary derejesi resmileriniň ençemesi bar.

Olaryň Orsýetiň Tambowskaýa we Malyşewskaýa jenaýat toparlaryna degişli bolmagy güman edilýär.

Olaryň baş goşandygy aýdylýan jenaýatlarynyň arasynda janyna kast etmek, adam öldürmek, ýarag gaçakçylygy, hilegärlik, ogurlyk, parahorluk, neşe gaçakçylygy we pul ýuwmaklyk agzalýar.

Hususan-da, sanaw Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maliýe komitetiniň başlygynyň orunbasary Wladislaw Reznik we Içeri işler ministrliginiň Baş müdirliginiň ýolbaşçysy Nikolaý Aulow ýaly resmileri öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG