Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Toprak süýşmesinde üç adam öldi


Täjigistanyň demirgazygynda güýçli ýagan ýagşyň yzýany, topragyň süýşmesi netijesinde üç adam öldi.

Sugd welaýatynyň resmileriniň 10-njy maýda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 9-njy maýda bolan toprak süýşmesinde Rewad obasynyň ýaşaýjylary – 41 ýaşyndaky Lola Tuighunowa we onuň 18 ýaşyndaky ogly Ismat Rustamow heläk bolupdyr.

Şeýle-de, täjik häkimiýetleri tebigy heläkçilikde Şurça obasynyň ýaşaýjysy 56 ýaşyndaky Toşboý Hujamkulowyň hem ölendigini aýtdylar.

Täjigistanyň resmileriniň aýtmaklaryna görä, toprak süýşmesinde ençeme ýaşaýyş jaýyna, uly infrastruktura desgalaryna we regiondaky döwlet binalaryna zeper ýetipdir.

XS
SM
MD
LG