Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeş: ‘Yslam partiýasynyň’ lideri dara çekildi


Bangladeşiň “Yslam partiýasynyň” lideri Motiur Rahman Nizami.
Bangladeşiň “Yslam partiýasynyň” lideri Motiur Rahman Nizami.

Bangladeşde, 1971-nji ýylda Pakistan bilen aradaky bolan garaşsyzlyk ugrundaky uruşda gyrgynçylyk etmekde we beýleki käbir jenaýatlarda aýyplanyp, Motiur Rahman Nyzamy ölüm jezasyna höküm edildi. Ol dünýäniň iň uly musulman guramalarynyň biri hasaplanýan “Yslam partiýasynyň” lideridir.

Ýurduň adalat ministri Anisul Hak Reuters habar gullugyna beren beýanatynda Ýokary kazyýetiň "Jemaate-Islami" partiýasynyň baştutany Nyzamynyň soňky islegini ret edenden soň, tizara Dakkanyň merkezi tussaghanasynda dara çekilendigini mälim etdi.

45 ýyllyk derňew

Onuň bilen baglanyşykly ölüm permanyny gyrgynçylyk barasynda derňew geçirýän hususy tribunal kabul etdi. Ol gyrgynçylykda we adam gynamak, şeýle-de tanymal şahsyýetleriň janyna kast etmegi gurnamakda aýyplandy.

Oppozisiýanyň lideri Khaleda Zianyň hökümetinde ministr bolan 73 ýaşyndaky Nyzamynyň garşysyna ölüm jezasynyň permany baryp 2014-nji ýylda çykarylypdy.

Reuters habar gullugynyň ýazmagyna görä, onuň dara çekilendigi baradaky maglumatyň yz ýanyndan müňlerçe adam paýtagt Dakkada köçelere çykyp, permanyň berjaý edileni üçin minnetdarlyk bildiripdirler.

"Biz bu güne 45 ýyllap garaşdyk" diýip, uruş weterany Akram Hossain Reuters habar gullugyna beren interwýusynda aýdýar.

Premýer-ministr Sheikh Hasiananyň hemaýatkärliginde döredilen söweş jenaýatlary tribunaly birsalym oppozisiýanyň we "Jemaate-Islami" partiýasynyň agzalary tarapyndan berk tankyda sezewar edildi.

Reuters habar gullugynyň maglumatyna görä, ol dardan asyljak mahaly paýtagt Dakka bilen beýleki uly şäherleriň köçelerine asudalyga gözegçilik etmegi üçin köpsanly howpsuzlyk işgäri bilen polisiýa güýçleri çykaryldy.

Bu ugurda mundan öňki kabul edilen kararlara garşy bildirilen nägileliklerde şu wagta çenli 200 adam heläk bolupdyr.

Bangladeş Gündogar Pakistan bolan wagty…

Habarda aýan edilişine görä, 2013-nji ýyldan bäri Bangladeşde oppozisiýanyň 5 sany wekiline ölüm jezasy berlipdir. Olardan dördüsi "Jemaate-Islami" partiýasynyň agzalarydyr.

Partiýanyň agzalarynyň aýan etmegine görä, öz baştutanlary Nyzama garşy öňe sürlen aýyplamalar düýbünden esassyz we ol şeýlelik-de syýasy ar alşyň pidasyna öwrülipdir. Partiýa öz lideriniň dara çekilmegine nägilelik hökmünde tutuş ýurt boýunça öz agzalaryny iş taşlaýşa çagyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti bolsa öz beýannamasynda, 1971-nji ýylda bolan jenaýatlara degişli çärelerde ahyrsoňy adalatyň öz ornuny tapandygyna hoşaldygyny bildirp, şol bir wagtda-da bu sud işleriniň aç-açanlykda geçirilmelidigini nygtady.

Hökümetiň maglumatyna görä, 1971-nji ýydaky uruş mahalynda 3 million adam gyrgynçylyga duçar edilipdir we müňlerçe zenan hem zorlanypdyr. Ol uruşda "Jemaate-Islami" topary şol mahal "Gündogar Pakistan" diýip atlandyrylan häzirki Bangladeşiň Günbatar Pakistandan bölünip aýrylmagyna garşy çykypdyr.

Reuters habar gullugynyň bildirmegine görä, Bangladeşde soňky ýyllarda ateist blogerleriň, alymlaryň, dini azlyklaryň wekilleriniň we gumanitar işgärleriň janyna kast edilipdir.

XS
SM
MD
LG